Süňk we diş sag­ly­gy üçin örän mö­hüm bolan kä­bir ýo­kum­ly mad­da­la­ryň aşgazanda oňat siň­me­gi üçin ze­rur bo­lan kal­siý mad­da­sy süýt­den baş­ga-da kä­bir önüm­ler­de köp muk­dar­da bol­ýar.
Kal­siý diý­len­de, süýt, peý­nir we ga­tyk ýa­ly süýt önüm­le­ri ýa­dyňa düş­ýär. Şeý­le-de bol­sa, baş­ga-da kä­bir iý­mit­le­riň dü­zü­min­de köp muk­dar­da kal­siý bar. Ola­ryň bi­ri hem ba­dam­dyr. Hoz­lar maş­ga­la­sy­na de­giş­li önüm­ler ýü­rek-da­mar sag­ly­gyna aý­ra­tyn peý­da­ly bo­la­ny üçin tutuş bedeni berkidýär. Şeý­le hem, adam be­de­ni­ni be­lok we ug­le­wod­lar bi­len üp­jün ed­ýär. Ýa­şyl ýap­rak­ly gök önüm­ler hem kal­siý mad­da­sy­na baý, ola­ry ýo­kum­ly mad­da­lar köp bo­la­ny üçin yzy­gi­der­li iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär.
In­jir kal­siý mad­da­sy­nyň esa­sy çeş­me­si­ bolup, ka­ka­dy­lan gör­nüş­de iýil­se has-da peý­da­ly­dyr. Ka­ka­dy­lan in­jir suw­suz mi­we bo­lan­soň aşgazanda, çalt siň­ýär.

Ogul­han IL­ME­DO­WA,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.