De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­nyň giň meý­dan­ly ýur­dy Ka­na­da 2025-nji ýy­la çen­li da­şa­ry ýurt­lar­dan je­mi 1,5 mil­li­on mig­ran­ty ka­bul eder. Ka­na­da köp ýyl­lar­dan bä­ri he­mi­şe­lik ýa­şa­mak üçin ýur­da gel­ýän­le­re ýe­ňil­lik dö­red­ýär. Tä­ze ka­rar dür­li ugur­lar­da ýo­ka­ry hü­när­li iş­çi güý­jü­niň ýet­mez­çi­li­gi­ni ara­dan aýyr­mak mak­sa­dy bi­len ka­bul edil­di. Mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ýurt­da 958 müň boş iş or­ny we 1 mil­li­on tö­we­re­gi iş­siz bar. Şeý­le-de bol­sa, iş­siz­ler boş iş orun­la­ry­ny dol­du­ryp bil­me­ýär­ler. Se­bä­bi, boş iş orun­la­ry üçin ta­lap edil­ýän hü­nä­ri ýok ýa-da ýe­ter­lik däl. Şeý­le hem ýurt­da ça­ga dog­lu­şy hem örän az. 2020-nji ýyl­da­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Ka­na­da­da ça­ga dog­lu­şy her aýal ba­şy­na 1,4 ça­ga düş­ýär. Bi­ler­men­le­riň bel­le­mek­le­ri­ne gö­rä, her bir ýur­duň yk­dy­sa­dy dur­nuk­ly­ly­ly­gy­ny sak­la­ma­gy üçin her aýal ba­şy­na 2,1 düş­me­li­dir. Ça­ga dog­lu­şy­gy­nyň azal­ma­gy bol­sa, gar­ry ila­tyň sa­ny­ny art­dyr­ýar.
Ýur­duň mig­ra­si­ýa mi­nist­ri Şon Freý­zer 2-nji no­ýabr­da eden çy­ky­şyn­da Ka­na­da­nyň 2023-nji ýy­la çen­li 465 müň tä­ze he­mi­şe­lik mig­ran­ty ka­bul et­jek­di­gi­ni aýt­dy. Mi­nistr 2024-nji ýyl­da 485 müň tä­ze he­mi­şe­lik mig­ran­ty, 2025-nji ýyl­da 500 müň da­şa­ry ýurt­ly­ny ka­bul et­me­giň me­ýil­leş­di­ril­ýän­di­gi­ni ha­bar ber­di.