24-nji aprelde Türkmenistanyň hem-de Katar Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda kiberhowpsuzlyk boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga gatnaşan hünärmenler iki ýurduň arasynda kiberhowpsuzlyk we sanly ulgam ugrunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça pikir alyşdylar.
Duşuşygyň barşynda katar tarapy ýurtda geçirilýän halkara çärelere hem-de tejribe okuwlaryna türkmen wekilleriniň gatnaşmagyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar. Taraplar bu ugurda tejribe alyşmagy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.