Mer­te­bäň­dir at-ab­ra­ýyň döw­let de­re­je­sin­de yk­rar edil­me­gi adama şöh­rat ge­tir­ýär. Şol şan­ly wa­ka bol­sa yn­san öm­rü­ni şeý­le bir be­ze­ýär we­lin, onuň tä­si­ri bir öm­re, bir yk­ba­la ba­ra­bar bol­ýar. 2025-nji ýyl­da mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 34 ýyl­lyk to­ýu­nyň öňü­sy­ra­syn­da me­de­ni­ýet, sun­gat, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň bir to­pa­ry Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň Şa ser­pa­ýy­na we hor­mat­ly at­la­ra my­na­syp bol­du­lar. Şo­la­ryň arasynda «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti» di­ýen hor­mat­ly ada my­na­syp bo­lan, hä­zir­ki wagt­da Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň teatr sun­ga­ty fa­kul­te­tin­de ýaş­la­ra sah­na di­lin­den sa­pak ber­ýän Gel­di My­rat­na­za­row hem bar. Ýa­kyn­da hor­mat­ly adyň eýe­si Gel­di My­rat­na­za­row bi­len söh­bet­deş bo­lup, onuň öm­ür we dö­re­di­ji­lik ýo­ly ha­kyn­daky maglumatlary giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik.

Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ga­ra­gum et­ra­by­nyň Şat­lyk ge­ňeş­li­gin­de dün­ýä inen Gel­di tu­ruw­baş­dan sun­ga­ta ma­ýyl bo­lup­dyr. Mu­ňa onuň Türk­men­ga­la et­ra­byn­da ýa­şap ge­çen da­ýy­sy Aşyr­my­rat aga­nyň se­bäp bo­lan bol­ma­gam ah­mal. Çün­ki Aşyr­my­rat aga du­tar ça­lyp, aý­dym aý­dyp, oba­daş­la­ry­na he­zil be­rip­dir. Da­ýy­sy­nyň du­tar­da çal­ýan saz­la­ry­ny, aýd­ýan aý­dym­la­ry­ny ürç edip diň­län Geldiniň hem da­ýy­sy ýa­ly du­tar ça­lyp, aý­dym aý­da­sy ge­lip­dir. Ol en­tek ça­ga­ka bug­daý­dyr pag­ta meý­da­ny­na suw tut­ma­ga gidende, aý­dy­ma hiň­le­ner ýö­rer eken. Ol, esa­san hem, Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tist­le­ri Sa­hy Jep­ba­ro­wyň, Öde­ni­ýaz No­ba­to­wyň, Gaý­gy­syz Ça­ry­ýe­wiň, şeý­le hem est­ra­da aý­dym­çy­sy An­na­ber­di At­da­no­wyň ra­dio­da goýberilýän aý­dym­la­ry­ny höwes bilen diň­läpdir.
Gel­di My­rat­na­za­row ma­wy ek­ran ar­ka­ly goý­be­ril­ýän film­le­ri hem ürç edip gö­rer eken. Ol, esa­san hem, halk ar­tist­ler Al­ty Gar­ly­ýe­wiň, Mu­ham­met Çer­ke­zo­wyň hem-de öz oba­da­şy Mu­ham­met Be­ki­ýe­wiň keşp jan­lan­dy­ryş­la­ry­na ma­ýyl bo­lup­dyr. Gel­di or­ta bi­li­mi oba­la­ryn­da­ky 7-nji mek­dep­de al­ýar. Ol mek­dep­de, esa­san, ede­bi­ýat, ta­ryh, ge­og­ra­fi­ýa sa­pak­la­ry­na ýyk­gyn edip­dir. Or­ta mek­de­biň 5-nji syn­pyn­da oka­ýar­ka mek­dep­le­rin­de he­re­ket ed­ýän dra­ma gur­na­gy­na hem-de oba­la­ryn­da­ky sun­gat mek­de­bi­niň du­tar gur­na­gy­na gat­na­p, du­tar çal­ma­gy öw­ren­ýär. Şeý­le­lik­de, ol iki mek­de­bi ut­gaş­dy­ryp alyp gi­dip, döw­let de­re­je­sin­dä­ki çä­re­ler­de çy­kyş edip, hor­mat hat­la­ra my­na­syp bo­lup­dyr. Or­ta mek­de­bi oňat ba­ha­lar bi­len ta­mam­lan Gel­di öz oba­da­şy, Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Mu­ham­met Be­ki­ýe­wiň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti Ber­di Aşy­ro­wyň kö­mek-gol­da­wy bi­len Aş­ga­ba­dyň şol wagt­ky Türk­men döw­let pe­da­go­gik-sun­gat ins­ti­tu­ty­nyň dra­ma we ki­no akt­ýo­ry bö­lü­mi­ne res­mi­na­ma­la­ry­ny tab­şy­ryp, döw­let sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çip, ta­lyp bo­lup okap baş­la­ýar. Ol ins­ti­tut­da ha­ly­pa­lar, Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tist­le­ri Nur­mu­ham­met Keş­şi­kow, Ata Alo­wow, Ogul­dur­dy Mäm­met­gulyýe­wa, Aman Ber­di­ýew da­gy­dan akt­ýor us­sat­ly­gy­nyň in­çe til­sim­le­ri­ni öz­leş­di­rip ug­ra­ýar.


Ins­ti­tut­da Gel­di­niň oka­ýan to­pa­ry oku­wyň ahyr­ky ýy­lyn­da dip­lom işi üçin «Al­lan aga­nyň maş­ga­la­sy» hem-de «Ta­lyp söý­gü­si» at­ly spek­takl­la­ry sah­na­laş­dyr­ýar. Gel­dä bol­sa baş keş­bi jan­lan­dyr­ma­gy tab­şyr­ýar­lar. Oňa şol keşp­le­ri ynan­dy­ry­jy jan­lan­dyr­mak ba­şar­dyp­dyr. Ins­ti­tu­ty ta­pa­wut­la­nan dip­lom bi­len ta­mam­lan Gel­di Wa­tan öňün­dä­ki gul­luk bor­ju­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge gid­ýär. Gul­lu­gy­ny ta­mam­lap ge­le­nin­den soň­ra ony 1989-njy ýyl­da öň­ki Mol­la­ne­pes adyn­da­ky Türk­men döw­let aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ry­nyň şol wagt­ky baş ýol­baş­çy­sy, Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti, akt­ýor hem re­žiss­ýor Ba­ba An­na­now te­at­ra işe ka­bul ed­ýär. Bu te­at­ryň sah­na­syn­da Gel­dä ha­ly­pa­lar — Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tist­le­ri Ha­jy An­na­mäm­me­dow, Ýe­li­za­we­ta Ga­ra­ýe­wa, Sa­byr Ata­ýe­wa, So­na we Su­raý My­ra­do­wa­lar, Ogul­dur­dy Mäm­met­gulyýewa da­gy­ bi­len egin-eg­ne be­rip, sah­na­da keşp jan­lan­dyr­mak mi­ýes­ser ed­ýär.
Ýe­ri ge­len­de ki­no­re­žiss­ýor My­rat Ora­zow, sun­gat iş­gä­ri Toý­ly Al­la­ýa­row, Baý­ram He­ki­mow da­gy­nyň hem Gel­di bi­len bir to­par­da okan­dyk­la­ry­ny hem bel­läp ge­çe­sim gel­ýär. Baý­ry te­at­ryň sah­na­syn­da ýa­ňy oku­wy ta­mam­lan Gel­di il­kin­ji ge­zek akt­ýor hem re­žiss­ýor Nur­mu­ham­met Keş­şi­ko­wyň sah­na­laş­dy­ran «Jap­bak­lar» at­ly sah­na oý­nun­da baş keşp bo­lan Map­ba­gyň keş­bi­ni jan­lan­dyr­ýar. Bu keşp teatr muş­dak­la­ry­nyň gyz­gyn söý­gü­si­ne my­na­syp bo­lup, baý­ry te­at­ra ýe­ne-de bir ýaş ze­hi­niň go­şu­lan­dy­gy bil­dir­ýär. Şol keşp­den soň te­at­ryň re­žiss­ýor­la­ry öz sah­na­laş­dyr­ýan oýun­la­ryn­da oňa keşp yzy­na keşp tab­şy­ryp baş­la­ýar­lar.

Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti, şol wagt­lar baý­ry teatr­da re­žiss­ýor bo­lup zäh­met çe­kip ýö­ren Aman Kö­me­kow öz­bek ýa­zy­jy­sy Se­ýit Ah­me­diň ede­bi ese­ri bo­ýun­ça sah­na­laş­dy­ran «Ge­lin­le­riň goz­ga­la­ňy» at­ly gül­kü­li sah­na oý­nun­da Gel­dä us­sa Ba­ky­nyň keş­bi­ni jan­lan­dyr­ma­gy tab­şyr­ýar. Şon­dan soň bol­sa «Ýe­diň ene­si» at­ly sah­na oý­nun­da kör­pe og­luň keş­bi­ni jan­lan­dyr­ma­gy tab­şyr­ýar­lar. Enä­niň keş­bi­ni bol­sa halk ar­tis­ti So­na My­ra­do­wa jan­lan­dy­ryp­dyr. Te­at­ryň işi­ni öz­leş­di­rip baş­lan Gel­di­ni 1994-nji ýyl­da şol wagt­lar öň­ki Ýaş to­ma­şa­çy­lar te­at­ry­nyň baş ýol­baş­çy­sy Oraz Aman­gel­di­ýew ýa­ny­na ça­gy­ryp, teatr­da ýaş ar­tist­le­riň ýet­mez­çi­lik ed­ýän­di­gi­ni aý­dyp, te­at­r­da iş­le­me­gi tek­lip ed­ýär. Oraz aga şol wagt­lar «Şa­pak» at­ly tä­ze sah­na oý­nu­ny sah­na­laş­dy­ryp baş­lan eken. Ol şol oýun­da Gel­dä Ha­jy at­ly ýaş ýi­gi­diň keş­bi­ni jan­lan­dyr­ma­gy tab­şyr­ýar.
Şol sah­na oý­nun­dan soň Gel­dä ýaş­lar te­at­ry­nyň sah­na­syn­da «Je­la­let­din Sol­tan» spek­tak­lyn­da sol­ta­nyň ini­si Oz­lag şa­nyň, «Mü­neç­jim» spek­tak­lyn­da Gur­ran­da­zyň, «Aýaz ma­ma­nyň agy­ry­ly di­şi» at­ly er­te­ki sah­na oý­nun­da bol­sa Bö­wen­ji­giň keş­bi­ni us­sat­lar­ça jan­lan­dy­ryp to­ma­şa­çy­la­ra ýe­tir­mek ba­şard­ýar. Gel­dä bu te­at­ryň sah­na­syn­da Hom­mat Mül­lü­kow, Öwez Ge­le­now, Baý­ram Seý­dul­la­ýew, Nu­ry Hu­daý­gu­ly­ýew, Şir­li Mol­la­ýew, An­na Me­lä­ýew, Döw­let Han­mäm­me­dow, Ber­di Aşy­row, Han­dur­dy Ber­di­ýew, Al­ty Sal­lan­dy­ýew ýa­ly ha­ly­pa ar­tist­ler bi­len keşp jan­lan­dyr­mak mi­ýes­ser ed­ýär. Ýe­ri ge­len­de, Gel­di My­rat­na­za­ro­wyň 2005–2008-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky mil­li saz­ly dra­ma te­at­ry­nyň baş ýol­baş­çy­sy bo­lup iş­län­di­gi­ni hem ýat­lap ge­çe­sim gel­ýär. Gel­di aga di­ňe bir baş ýol­baş­çy bol­mak bi­len çäk­len­män, te­at­rda sah­na­laş­dy­ryl­ýan spek­takl­lar­da keşp jan­lan­dyr­mak­dan hem çet­de dur­man­dyr. Olar­dan «Ga­ra­jaog­lan», «Tö­re­beg ha­nym», «Yk­bal öw­rüm­le­ri» at­ly spek­takl­lar­da­ky dö­re­den keşp­le­ri­ni gör­kez­mek bo­lar. Şon­dan soň Gel­di My­rat­na­za­ro­wy öň­ki iş­läp gaý­dan te­at­ry bo­lan Ýaş to­ma­şa­çy­lar te­at­ryn­da keşp jan­lan­dyr­mak hö­we­si öz er­ki­ne goý­man­soň, dur­ky tä­ze­le­nen Alp Ars­lan adyn­da­ky ýaş­lar te­at­ry­na bar­ýar. Bu te­at­ryň baş ýol­baş­çy­sy Han­dur­dy Ber­di­ýew Gel­di­ni gü­ler ýüz bi­len gar­şy alyp, işe ka­bul ed­ýär. Tä­ze te­at­ryň sah­na­syn­da-da Gel­dä «Gö­rog­ly» sah­na oý­nun­da kyrk ýi­git­le­riň bi­ri­niň, «Tä­ze maş­ga­la» sah­na oý­nun­da Gu­wanç at­ly ýaş ýi­gi­diň, «Ama­nat gi­ýew» sah­na oý­nun­da Ha­lyl so­py­nyň, «Nur­ber­di han» sah­na oý­nun­da Mag­tym işa­nyň keşp­le­ri­ni bi­ri-bi­ri­ne meň­zet­män jan­lan­dyr­mak ba­şard­ýar. 2011-nji ýyl­da top­lan tej­ri­be­si­ni ta­lyp ýaş­la­ra öw­ret­mek mak­sa­dy bi­len Gel­di My­rat­na­za­row Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň teatr sun­ga­ty fa­kul­te­ti­niň dra­ma we ki­no akt­ýo­ry bö­lü­min­de bi­lim al­ýan og­lan-gyz­la­ra sah­na di­li der­sin­den sa­pak be­rip baş­la­ýar. Sah­na­da di­liň aras­sa, düş­nük­li bol­ma­gy, se­siň to­ma­şa­çy­lar za­ly­nyň yz­ky ha­tar­la­ryn­da­ky to­ma­şa­çy­la­ra-da ýet­me­gi­ni ga­zan­mak us­sat­ly­gy­ny öz­le­rin­de öz­leş­dir­me­gi ta­lyp­la­ra ün­de­ýär, ýü­rek­den çy­kan söz­le­riň ýü­re­ge ba­ryp ýe­ten­de akt­ýo­ryň dö­red­ýän keş­bi­niň ynan­dy­ry­jy bol­ýan­dy­gy, spek­tak­lyň şow­ly çyk­ma­gy üçin söz­le­ý­şiň tä­si­ri­niň ulu­dy­gy­ny öz tej­ri­be­sin­de ta­lyp ýaş­la­ra ge­çi­rip gel­ýär. Şu gün­ki gü­ne çen­li Gel­di mu­gal­ly­myň sa­pak be­ren ta­lyp­la­ry ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de ýer­leş­ýän me­de­ni­ýet ojak­la­ryn­da hal­ka hyz­mat edip ýör­ler. Ola­ryň için­de hor­mat­ly at­la­ra we Şa ser­paý­la­ry­na eýe bo­lan­la­ry hem bar. Bu bol­sa mu­gal­lym üçin uly ab­raý bo­lup dur­ýar. Şu ýer­de Gel­di mu­gal­ly­myň ins­ti­tu­tyň sah­na­syn­da sah­na­laş­dy­ry­lyp to­ma­şa­çy­la­ra hö­dür­le­nen «Ga­ra­ja­og­lan» at­ly mo­no spek­takl­da Ga­ra­ja­og­la­nyň keş­bi­ni us­sat­lar­ça jan­lan­dy­ran­dy­gy­ny hem ýat­lap ge­çe­sim gel­ýär.

Gel­di My­rat­na­za­row di­ňe bir pe­da­gog bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, aý­dym aýt­ma­gyň hem us­sa­dy­dyr. Onuň aý­dan aý­dym­la­ry türk­men ra­dio­syn­da ýaý­ly­ma ber­lip dur. Onuň il için­de meş­hur­ly­ga eýe bo­lan «Ke­se­ar­ka­jyň dü­zün­de» at­ly aý­dy­my halk köp­çü­li­gi­niň aňyn­da he­mi­şe­lik gal­dy. Şol aý­dy­myň dö­reý­şi ha­kyn­da Gel­di My­rat­na­za­row şeý­le gür­rüň ber­ýär:
— Bu aý­dy­myň aw­to­ry Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti Şir­li Mol­la­ýew, sa­zy­ny ýa­zan bol­sa Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Hak­ber­di Hu­daý­ber­di­ýew. «Sum­bar» stu­di­ýa­sy ta­ra­pyn­dan su­ra­ta dü­şü­ri­len «Ga­raş­ýa­ryn» at­ly fil­m üçin ni­ýet­le­nen bu aý­dym fil­miň için­den eriş-ar­gaç bo­lup geç­ýär. «Ga­raş­ýa­ryn» fil­mi­ni Türk­me­nis­ta­nyň sun­gat­da at ga­za­nan iş­gä­ri Aşyr Rah­ma­now su­ra­ta dü­şü­rip­di. Ma­ňa Sa­hy Jep­ba­ro­wyň aýd­ýan «Ak ýüz­li Ma­ra­lym», «Ak ma­ýa ge­rek», «Näz­li ýar», «Dil­ber», «Sa­ňa düş­di na­za­rym» ýa­ly halk aý­dym­la­ry­ny est­ra­da ge­çi­rip ýe­ri­ne ýe­tir­mek we halk köp­çü­li­gi­niň söý­gü­si­ni ga­zan­mak hem mi­ýes­ser et­di. Şo­nuň ýa­ly hem özü­miň dö­re­dip ýe­ri­ne ýe­ti­ren aý­dym­la­rym bo­lan «Owa­dan säh­ra», «Gör­män git­mä­ýin», «Aşyk men» ýa­ly aý­dym­la­rym me­ni gu­wan­dyr­ýar, joş­dur­ýar — di­ýip, Gel­di aga buý­sanç bi­len gür­rüň ber­di.
Gel­di My­rat­na­za­row hä­zir­ki gün­ler­de hem Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň teatr sun­ga­ty fa­kul­te­ti­niň ta­lyp­la­ry­na «akt­ýor us­sat­ly­gy» hem-de «sah­na di­li» sa­pak­la­ryn­dan tä­lim be­rip gel­ýär. Gel­di My­rat­na­za­ro­wy halk köp­çü­li­gi Oguz han adyn­da­ky «Türk­men­film» bir­le­şi­gin­de su­ra­ta dü­şü­ri­lýän ki­no­film­ler ar­ka­ly hem ta­na­ýan bol­sa­lar ge­rek. Bu ba­ra­da Gel­di My­rat­na­za­row şeý­le diý­ýär:
— 1983-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti, akt­ýor hem re­žiss­ýor Ba­ba An­na­now ma­ňa özü­niň su­ra­ta dü­şür­ýän fil­min­de keşp jan­lan­dyr­ma­gy tab­şyr­dy. Şol film­den soň ma­ňa Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti, ki­no­re­žiss­ýor Il­my­rat Bek­mi­ýe­wiň su­ra­ta dü­şü­ren «Ak­pa­myk», «Ja­dy­ly hün­ji hakynda erteki» at­ly fil­mle­rin­de, «Öw­rüm­li ýol­lar» filmin­de, ki­no­re­žiss­ýor My­rat Ora­zo­wyň «Hüýr­luk­ga-Hem­ra», «Epen­di», «Dom­rul» film­le­rin­de, şeý­le-de ýaş ze­hin­li ki­no­re­žiss­ýor Ba­tyr Ba­ty­ro­wyň «Ha­jy­go­lak» fil­min­de hä­si­ýe­ti bo­ýun­ça bi­ri-bi­ri­ne meň­ze­me­ýän keşp­le­ri jan­lan­dyr­mak ne­sip et­di. Gel­jek­de-de bar güý­jüm, ze­hi­nim bi­len türk­men ki­no sun­ga­ty­na go­şan­dy­my go­şa­ryn.


Gel­di My­rat­na­za­ro­wyň bagt­ly, ag­zy­bir maş­ga­la­sy bar. Onuň ýan­ýol­da­şy Gur­ban­gül gel­ne­je Alp Ars­lan adyn­da­ky mil­li saz­ly dra­ma te­at­ryn­da grim­çi bo­lup zäh­met çek­ýär. Ola­ryň üç per­zen­di, bir og­ly, iki gy­zy bar. Ogl­y Ber­di­my­rat te­le­ke­çi bo­lup zäh­met çek­se, gy­zy Maý­sa Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­tin­de mu­gal­lym­çy­lyk ed­ýär. Beý­le­ki gy­zy Mer­jen bol­sa Ar­ka­dag şä­he­rin­de zäh­met çek­ýär. Gel­di aga al­ty sa­ny ag­ty­gyň bagt­ly ata­sy. Onuň üç ýaş­ly­ja ag­ty­gy Be­re­ke­ta­ly şu wagt­dan ata­sy­nyň kä­ri­ne hö­wes­li­di­gi­ni duý­dur­ýar. Gel­di My­rat­na­za­row 80 ýa­şy ar­ka atan kä­be­si Aman­gül enä gu­wa­nyp, ka­ka­sy Sö­ýün­my­rat aga­ny ýat­lap hem-de bagt­ly ça­ga­la­ry­na, ag­tyk­la­ry­na gu­wa­nyp eş­ret­li dur­mu­şyň hö­zi­ri­ni gör­ýär.
Bi­ziň bi­len bo­lan söh­bet­deş­lik­de Gel­di My­rat­na­za­row me­de­ni­ýet, sun­gat, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň sar­pa­sy­ny be­lent tut­ýan türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry­nyň sag, be­lent baş­la­ry­nyň aman, il-ýurt äh­mi­ýet­li alyp bar­ýan iş­le­ri­niň ro­waç bol­ma­gy­ny ar­zuw et­di. Biz hem Gel­di My­rat­na­za­ro­wy hor­mat­ly ady bi­len gut­lap, gel­jek­de hem dö­re­di­ji­lik üs­tün­li­kle­ri­ni ar­zuw ed­ýä­ris.

Resul Hojaberdiýew,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bagtyýarlyk
etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.