97-nji Oskar baýraklarynyň gowşurylyş dabarasyönyň başynda Robert Dawni Junior ikinji plandaky iň gowy aktýor baýragynyň ýeňijisini mälim etdi. Ussat aktýoryň açan bukjasyndan garaşylyşy ýaly, “Hakyky jepa” filminiň artisti Kiran Kalkiniň ady çykdy. Kiran “Öýde ýeke özi” filmlerindäki keşbi bilen hemmäniň ýadynda galan Kewiniň, ýagny Makoleý Kalkiniň inisidir. Kiran Kalkin eýýäm bu keşbi ençeme guramaçylygyň ikinji plandaky iň gowy aktýor baýragyny gazandy