Dünýäde keýigiň 50-den gowrak görnüşi duş gelýär. Keýikler öz aralarynda köne dünýä sugunlary (cervinae) we täze dünýä sugunlary (capreolinae) diýen iki kiçi maşgala bölünýär. Keýigiň iň uly görnüşi Ýewropada ýaşaýan los bolup, agramy 380-700 kilograma, bedeniniň uzynlygy 3 metre, boýy 2 metre ýetýär. 25 ýyla çenli ýaşaýan bu äpet keýik sagatda 60 kilometr tizlik bilen ylgap bilýär. Keýikler maşgalasynyň iň kiçi görnüşine bolsa pudu diýilýär.
Tebigatyň täsin jandarlarynyň biri bolan pudu Amerikada duş gelýär. Haýwanat dünýäsi bilen gyzyklanýanlary haýran galdyrýan girdenek keýigiň boýy bary-ýogy 44 santimetre ýetýär. Agramy 12 kilogramdan geçmeýän bu jandaryň köpüsi Çilidäki we Argentinadaky tropik tokaýlarda hem-de And daglarynda ýaşaýar. Kiçijik keýikler öz arasynda günorta pudu we demirgazyk pudu diýen iki topara bölünýär. Günorta pudu demirgazyk pudusyndan birneme uludyr. Kiçijik keýigiň iki görnüşi hem sany azalyp barýan jandarlaryň hatarynda görkezilýär.
Pudu örän gorkak jandar bolup, hatda agaçlaryň ýapragynyň şygyrdysyna hem titräp durýar. Pudular gorkan wagty çyňsaýan ýaly ses edýärler.
Gysga we inçe aýagy bolan bu jandaryň kiçijik gara gözi bar. Gulagy tegelenip duran pudunyň sütügi gyzylymtyl-goňur reňkde bolýar. Pudunyň erkegi her ýyl ösüp çykyp, güýz aýlarynda ýene-de gaçýan kiçijik şahy bilen tapawutlanýar. Ýagyşly howany halaýan bu jandarlar gyrymsy agaçlaryň ýapragyny, ot we gülleri, agajyň gabygydyr miwelerini iýip, uzak wagtlap suwsuz ýaşap bilýärler.
Pudu ilkinji gezek 1850-nji ýylda iňlis tebigaty öwrenijisi Jon Edward Greý tarapyndan köpçülige mälim edilýär. 1877-nji ýylda keýigiň bu görnüşi täze dünýä sugunlary (capreolinae) maşgalasyna degişli edilýär. Bu jandaryň ady Çiliniň günortasynda ýaşaýan mapuçe halkynyň dilinden alnan mapudungun sözünden gelip çykýar. Kiçijik keýige başgaça «Çili dag geçisi» hem diýilýär.
Haýal hereket edýän kiçijik keýikler ýöräp barýarka wagtal-wagtal säginip, howanyň ysyny alýar. Ys alyjylygy güýçli bolan girdenek keýikler
8-10 ýyla çenli ýaşaýar. Uly şahly baýguş, And tilkisi we ýabany pişik pudunyň esasy ýagysy hasaplanýar. Tebigaty we tebigy baýlyklary goramak boýunça halkara bileleşiginiň (IUCN) maglumatlaryna görä, häzirki wagtda kiçijik keýikleriň sany
10 müňden geçmeýär.
PDF









