UEFA Çempionlar Ligasynda 3-nji tapgyryň çäginde Münhen şäherinde “Bawariýa” topary Belgiýanyň “Klub Brýugge” toparynyň derwezesinden jogapsyz 4 gol girizdi. Gollary 5-nji minutda Lennar Karl, 14-nji minutda Harri Keýn, 34-nji minutda Luiz Diaz hem-de 79-njy minutda Nikolas Jekson geçirdi. 17 ýaşyndaky Lennart Karl “Bawariýanyň” bu ýaryşda gol geçiren iň ýaş futbolçysy boldy. Şu möwsümde ähli ýaryşlarda ýeke utuk hem ýitirmän bassyr 12-nji duşuşygynda-da ýeňiş gazanan “Bawariýanyň” iňlis hüjümçisi Harri Keýniň gollarynyň sany 20-ä ýetdi. Ol ilkinji 12 oýunda 20 gol geçirip, bu ugurda Ronaldonyň rekordyny täzeledi. Ronaldo möwsümiň başynda 13, Messi 17 oýunda klublarynda 20 gol geçiripdi.

Türkiýäniň “Galatasaraý” topary öz meýdançasynda Norwegiýanyň “Bude-Glimt” toparyny 3-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 2012-nji ýyldan soň bu ýaryşda ilkinji gezek 2 oýunda yzly-yzyna ýeňiş gazanan “Galatasaraý” toparynyň gollaryny Wiktor Osimhen (2) bilen Ýunus Akgün geçirdi. Şu netije Bilbaoda hem hasaba alnyp, ýerli “Atletik” topary ilkinji 2 oýunda ýeňiş gazanan Azerbaýjanyň “Garabag” toparyndan üstün çykdy. Andradeniň goly bilen entek 1-nji minut dolmanka öňe geçen bakulylaryň derwezesinden ýeňiş pökgülerini Guruzeta (2) bilen Nawarro girizdi.

Ispaniýanyň “Real Madrid” topary “El Klasikonyň” öňüsyrasynda Italiýanyň “Ýuwentus” toparyny kabul etdi. Ýer eýeleriniň erjel oýun görkezen duşuşygynda “Real” 1-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Madridlilere ýeňiş getiren ýeke-täk goly 57-nji minutda Jud Bellingam öz adyna ýazdyrdy.

“Monako” bilen “Tottenhamyň” hem-de “Atalanta” bilen “Slawiýa Praganyň” arasyndaky oýunlarda hasap açylmady.