Ang­li­ýa­da we Uels­de suw hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­ýän “Of­wat” kom­pa­ni­ýa­sy ki­çi­jik ro­bot­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ýar. Bu ro­bot­lar suw tur­ba­la­ry­nyň döw­len ýer­le­ri­ni tap­ma­ga ýar­dam eder. Kom­pa­ni­ýa de­giş­li bo­lan suw ge­çi­ri­ji­le­ri­niň je­mi uzyn­ly­gy 400 müň ki­lo­metr­den geç­ýär. Bu tur­ba­lar­dan her gün­de 3 mil­liard litr su­wuň syz­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Hü­när­men­ler suw ýit­gi­si­niň öňü­ni al­mak üçin ro­bo­tyň has tä­sir­li bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa ge­çi­ri­ji­le­riň ze­per ýe­ten ýer­le­ri­ni anyk­la­mak üçin ka­me­ra­lar­dan, eme­li hem­ra­lar ar­ka­ly al­nan şe­kil­ler­den, ýy­ly­ly­gy anyk­la­mak ar­ka­ly iş­le­ýän dron­lar­dan we beý­le­ki teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan peý­da­lan­ýar. Kom­pa­ni­ýa­nyň we­kil­le­ri gö­ze gör­nüp du­ran kem­çi­lik­le­ri dü­zelt­me­giň kyn däl­di­gi­ni, em­ma gö­ze gö­rün­me­ýän ýe­ras­ty aý­ryk­la­ry anyk­la­ma­gyň kyn­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Şeý­le hem hü­när­men­le­ri ge­çi­ri­ji­le­ri ýa­ry­lan ýer­le­ri­ni ýe­ri gaz­maz­dan dü­ze­dip bol­ýan, tur­ba­ny ýa­ma­ýan ma­te­ri­al­lar­dan hem peý­da­lan­ýar­lar.
Tur­ba­la­ryň aý­ryk­la­ry­ny tap­mak üçin iş­le­nip taý­ýar­la­nan “Pi­pe­bot” at­ly ro­bot­lar ka­me­ra­lar bi­len üp­jün edi­lip, be­ýik­li-pes­li ýer­den hem ge­çip bil­ýär. Şeý­le­lik­de, bu ro­bot­lar bök­denç­lik ýü­ze çyk­maz­dan onuň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam eder. Hä­zir­ki wagt­da bar bo­lan teh­no­lo­gi­ýa bol­sa, haý­sy­dyr bir teh­ni­ki bök­denç­lik ýü­ze çy­kan­dan soň­ra ha­bar ber­ýär.

Mer­gen Ýag­şy­gel­di­ýew, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by