“Toyota” kompaniýasy ýolsuz ýerden ýöreýän “Land Cruiser FJ” atly ykjam ulagyny çykarar. Ulag “Corolla Cross”-dan uly, RAV4-den kiçi bolup, “Suzuki Jimny” ulagynyň bäsdeşi bolar. Onuň bahasynyň 28 müň dollardan gowrak bolmagyna garaşylýar. Şu ýylyň güýzünde tanyşdyryljak ulag geljek ýyl satuwa çykarylar.