Häzirki taryhy döwürde milli ykdysadyýetimiziň möhüm ynsanperwer düzümleriniň biri bolan kitaphana pudagyny ösdürmäge uly möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň innowasion tehnologiýalarynyň we döwrebap tehnikalarynyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzda neşir önümçiliginiň häsiýetli aýratynlygyna öwrüldi. Täze enjamlar bilen üpjün edilen çaphanalar diňe paýtagtymyzda däl, ýurdumyzyň welaýatlarynda hem işleýär.
Kitap – ylym we bilim bilen üznüksiz bagly bolan çeşme, olar adamzadyň ösüşiniň esasyny düzüp, islendik döwletiň geljegini, halkyň ykbalyny kesgitleýär. Şunuň bilen baglylykda, kitaphanalaryň işini döwrebaplaşdyrmakda durmuşa geçirilýän işleriň uludygyny bellemek gerek.
«Medeniýet hakynda», «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda taýýarlanylan Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi kitaphana işiniň dünýä ylmynyň gazananlaryna, ylmy-tehniki ösüşe, milli ýörelgelerimizden ugur alnyp has-da kämilleşdirilmegine uly goşant bolar. Çünki bu resminama laýyklykda, kitaphanalaryň gaznasynda saklanylýan neşir önümleriniň hasabyna dürli neşir önümlerini, şol sanda has köp okalýan kitaplary, okuw-usulyýet, ylmy edebiýatlary, çeper eserleri, ensiklopediýalary, sözlükleri neşir etmek hem-de kitaphanalara ýaýratmak göz öňünde tutulýar.
Golaýda Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 – 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Maksatnamanyň esasy wezipesi ýurdumyzda kitaphana işini döwrebaplaşdyrmakdan, halkymyzyň ruhy we medeni aň-bilimini artdyrmakdan, giň okyjylar köpçüligine döwrebap hyzmat etmekden ybaratdyr.
Ýurdumyzda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagynda birnäçe döwrebap kitaphana halkymyza hyzmat edýär.
Arkadag şäherindäki Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy birbada 600 okyjyny kabul etmäge we 3 million neşir birligini saklamaga niýetlenip, häzirkizaman innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Kitaphanada obserwatoriýa bar, onuň düzüminde ýerleşdirilen kämil teleskop arkaly asman jisimlerini synlamak mümkinçiligi döredilipdir. Kitaphanada Syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlarynyň zaly, Sungat zaly, Oba hojalyk edebiýatlarynyň zaly, Çagalar üçin okalga zaly, milli däp-dessurlarymyza laýyklykda bezelen Ýaşulular üçin okalga zaly bar.
Ata-babalarymyz kitaba aýratyn hormat goýupdyrlar. Muny biziň nusgawy edebiýatymyzyň naýbaşy eserleriniň üsti bilen hem aýdyň görüp bilýäris. Kitaba bolan hormat diňe bir türkmen halkymyzda bolman, eýsem, ol dünýäniň ähli künjeginde ähli halklar tarapyndan aýratyn sarpalanýan gymmatlyklaryň hataryna girýär. Şular esasynda hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna gelen her bir okyjy dürli pudaklara degişli kitaplar hem-de kitap sergileri bilen giňişleýin tanyşdyrylýar.
Kitaphanalaryň işiniň döwrüň talabyna laýyk ýola goýulmagy hem-de yzygiderli kämilleşdirilmegi halkymyzyň aň-bilim, medeni derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Melike GARAÝEWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.