24-nji iýulda sagat 11:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitap sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu kitap sergisi ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy we Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde guralýar. Serginiň myhmanlary amerikan nusgawy edebiýatynyň iki dildäki neşirleri bilen tanyşmaga, täsirli çeper okaýyşlary diňlemäge, şüweleňli bäsleşiklere gatnaşmaga we ABŞ hakynda maglumat serişdelerini öwrenmäge mümkinçilik alarlar.
Çäre hemmeler üçin açyk we tölegsizdir.
Salgysy: Arçabil şaýoly, 12-nji jaý.