Ýurdumyzdaky Ýewropa Bileleşiginiň Wekilhanasy Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynydyr myhmanlaryny, dürli ýaşdaky kitap söýüjileri kitap ýarmarkasyna çagyrýar. Ýewropa bilen bilelikde dünýäniň beýleki ýurtlarynda-da giňden bellenilýän Roždestwo baýramçylygy mynasybetli her ýyl geçirilýän ýarmarka 20-nji dekabrda 15:00-dan başlap 19:00-a çenli dowam eder.
Aşgabat şäherindäki belli kitap dükanlarynyň gatnaşjak bu çäresi hemmeler üçin açykdyr. Ol ýerde her kim özüne gerekli kitaby tapyp biler. Gatnaşyjylara kitap alyş-çalyş nokady-da hyzmat eder. Kitap söýüjiler öň okan bir kitabyny täze bir kitabada çalşyp biler. Bu bolsa, ekologiýany goramagyň iň gowy usulydyr.
Mundan başga-da, ol ýerde çagalar üçin ýörite Aýazbaba hat ýazmak burçy bolar. Kitap ýarmarka gatnaşyjylara Ýewropadaky baýramçylyk sazlary we tagamlary hödürlener. Çäre Jelaleddin Rumy köçesiniň (öňki Andijan, 2054), 46-njy jaýynda ýerleşýän Ýewropa Bileleşiginiň Wekilhanasynyň binasynda geçiriler.
Bellik: Kitap alyş-çalyş nokady üçin ýanyňyz bilen bir kitap getirmegi unutmaň!