Ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len Leýp­sig ki­tap ýar­mar­ka­sy­nyň geljek ýyl geçiriljekdigi habar berildi. Bu ýar­mar­ka Ger­ma­ni­ýa­da ge­çi­ril­ýän Frank­furt ki­tap ýar­mar­ka­syn­dan soň iň ulu­sy­dyr. Ol XVII asy­ryň ba­şyn­dan bä­ri ge­çi­ri­lip, bu ýer­de hö­dür­len­ýän ki­tap­la­ryň sa­ny­nyň Frank­furt ýar­mar­ka­syn­da gör­ke­zil­ýän ne­şir­ler­den pes otur­ma­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär.
Leýp­sig 1945-nji ýy­la çen­li ki­tap söw­da­sy mer­ke­zi hök­mün­de öň­de­ba­ry­jy or­nu­ny sak­la­dy. Ikin­ji ja­han ur­şy döw­rün­de gat­naş­ýan ýurt­la­ryň sa­ny ep-es­li azal­sa-da, ýar­mar­ka ýa­ty­ryl­ma­dy. Uruş­dan soň­ky dö­wür­de hem Leýp­sig ki­tap ýar­mar­ka­sy gün­do­gar Ger­ma­ni­ýa­nyň çä­gin­de ge­çi­ril­di. Ýö­ne şon­da-da bu ýar­mar­ka ne­şir­ýat­çy­la­ryň Gün­ba­ta­ryň ki­tap tä­ze­lik­le­ri bi­len tan­şyp bil­jek iň mö­hüm çä­re­si bol­dy.
Leýp­sig ki­tap ýar­mar­ka­sy­nyň äh­mi­ýe­ti 1998-nji ýyl­da tä­ze döw­re­bap ser­gi mer­ke­zi­ne gö­çen­den soň hem pe­sel­me­di. 2020-nji hem-de 2021-nji ýyl­larda dün­ýä­de eme­le ge­len çylşyrymly ýag­daý­lar sebäpli bu çä­re geçirilmändi. Şu ýyl Ger­ma­ni­ýa­nyň hö­kü­me­ti mart aýy­na çen­li kä­bir çäk­len­dir­me­le­riň ýa­ty­ryl­jak­dy­gy­ny mä­lim eden hem bol­sa, ne­şir­ýat­çy­lar tö­wek­gel­çi­lik et­mez­lik ka­ra­ry­na gel­di­ler.
«Gy­nan­sak hem, pan­de­mi­ýa bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýü­ze çy­kan ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­lar se­bäp­li ser­gä gat­na­şy­jy­la­ryň kö­pü­si hä­zir­ki wagt­da şeý­le uly jem­gy­ýet­çi­lik çä­re­si­ne gat­naş­ma­gy ynam­ly me­ýil­leş­di­rip bil­me­ýär­ler. Bu bol­sa ýar­mar­ka­nyň öň ýa­nyn­da köp san­ly gat­na­şy­jy­la­ryň çä­rä gat­naş­mak­dan ýüz öwür­me­gi­ne se­bäp bol­dy. Şol se­bäp­den, biz bu ýyl çä­rä­ni ge­çir­mez­lik ka­ra­ry­na gel­dik» diý­lip, Leýp­sig ki­tap ýar­mar­ka­sy­nyň gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry­nyň be­ýa­na­tyn­da aý­dyl­ýar. In­di­ki ýar­mar­ka 2023-nji ýy­lyň 23-25-nji mar­tyn­da ge­çi­ri­ler.

Amantäç BERDIMYRADOWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.