Häzirki wagtda iň köp sarp edilýän içimlikleriň biri bolan kofeni ilkinji gezek efiopiýaly çopan Kaldiniň tapandygy aýdylýar. Has dogrusy, ol öz bakyp ýören goýunlarynyň üýtgeşik ösümligiň miwelerini iýeninden soň has-da gurplanýandygyna üns beripdir. Soňra bolsa bu ösümligiň miwelerinden özi hem dadyp görüpdir.

Ilkibaşda adamlar kofe miwelerini iýmit hökmünde ulanypdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen bu ösümligiň meşhurlygy artyp, bütin dünýäniň iň arzyly harytlarynyň birine öwrülipdir.

Halkara biržalarynda iň bir geçginli harytlaryň biri bolmak bilen, bu babatda ol diňe nebitden yza galýar.

Kofeniň peýdalanylyşynyň jan başyna düşýän möçberi boýunça Demirgazyk Ýewropa ýurtlary öňdeligi eýeleýär. Bu görkeziji Finlýandiýada bir adama 12 kg, Norwegiýada 9,9 kg, Islandiýada 9 kg barabardyr.

Süýtli kofe XVII asyrda taýýarlanylyp başlanypdyr. Oňa süýt goşmagy bir fransuz lukmany öz bejergi berýän näsaglaryna maslahat beripdir. Ýaponlar kofeniň adam endamyna, derisine täsir edýändigini belläpdirler. Ýurduň käbir şypahanalarynda kofeli suwa düşmek bejergi hökmünde hem ulanylýar.

Dünýäniň birnäçe ýurtlarynda kofe bilen bagly baýramçylyklar hem bellenilýär. Kosta-Rikada 12-nji sentýabrda, Irlandiýada 19-njy sentýabrda, Ýaponiýada 1-nji oktýabrda Kofe güni bellenilip geçilýär.

Ogulgerek MELEKÄÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.