Braziliýa kofe eksporty boýunça rekord goýdy: girdeji 14,728 milliard dollar boldy, bu geçen möwsüm bilen deňeşdirilende 49,5% ýokarydyr. Braziliýa iň uly kofe öndüriji we eksport ediji ýurtdyr. Şeýle-de bolsa, Braziliýanyň kofe eksportçylary geňeşiniň başlygy Marsio Ferreýranyň pikiriçe, rekord girdeji önümçiligi artdyrmagyň hasabyna däl-de, bu ekin üçin dünýä bahalarynyň ýokarlanmagy arkaly gazanyldy.
– Kofe bahalary, esasan hem, 2024-nji ylyň ikinji ýarymynda dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň önümçilik kuwwatynyň peselmegi sebäpli ep-esli ýokarlandy. Bu ýagdaý soňky bäş ýylda hemme ýerde diýen ýaly bolupdy. Howanyň üýtgemegi, Braziliýa, Wýetnam, Kolumbiýa we Indoneziýa ýaly ýurtlarda kofe plantasiýalaryna zeper ýetirdi we kofeniň bahasynyň dünýäde ep-esli ýokarlanmagyna sebäp boldy – diýip, Marsio Ferreýra belledi.
Braziliýa kofesi 115 ýurda eksport edildi. Ýöne Braziliýadan kofe eksporty öňki möwsüm bilen deňeşdirilende 3,9% azaldy. Umuman alanyňda, olaryň her biri 60 kilogramlyk 45,589 million halta bolup, 152 938 konteýner bilen deňdir. ABŞ satyn alyşlarda öňdebaryjy boldy. Ondan soň Germaniýa, Italiýa, Belgiýa we Ýaponiýa gelýär. Braziliýanyň kofe eksportçylary geňeşi, esasan hem, ABŞ administrasiýasynyň nyrh syýasatlaryny we dowam edýän howanyň üýtgemegini göz öňünde tutup, dünýädäki kofe bahalarynyň ýokarlanmagynyň dowam etmeginiň mümkindigini nygtaýar.
Ýakynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurtlar ylalaşyk gazanyp bilmese 1-nji awgustdan başlap, Braziliýa üçin 50% mukdarda paçyň giriziljekdigini habar berdi. Amerikanyň Birleşen Ştatlary kofeni iň köp satyn alyjydyr we importyň üçden bir bölegi Braziliýadan gelýär. Gümrük haky importçylary alternatiw üpjün edijileri gözlemäge mejbur eder, olaryň sany çäkli bolansoň, bu ýagdaý ilkibaşda ABŞ-da, soňra bolsa beýleki sebitlerde bahalaryň ýokarlanmagyna sebäp bolar.