Dün­ýä­de daş­ky gur­şa­wy aýaw­ly sak­la­mak bi­len bag­ly ta­gal­la­lar has aras­sa ener­gi­ýa çeş­me­le­rin­den peý­da­lan­ma­ga hö­wes dö­red­ýär. Ösen teh­no­lo­gi­ýa elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny Gün­den we ýel­den al­ma­gyň ada­ty usul­lar­dan has ar­zan bol­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär. «Glo­bal Ener­gy Mo­ni­tor» at­ly mas­la­hat be­riş kom­pa­ni­ýa­sy­nyň taý­ýar­lan mag­lu­ma­ty­na gö­rä, 2020-nji ýyl­dan bä­ri je­mi 312 kö­mür şah­ta­sy ýa­py­lyp­dyr. Uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da kö­mür çy­ka­ry­lan bu ýer­le­riň umu­my meý­da­ny 2 müň 89 ine­dör­dül ki­lo­met­re deň bolup, bu gör­ke­zi­ji Lýuk­sem­bur­gyň meý­da­ny­na ba­ra­bar­dyr. Bu ýer­ler­de önüm­çi­lik kuw­wa­ty 103 Gi­ga­wat bol­jak Gün be­ket­le­ri­ni gur­mak bo­lar. Şeý­le hem 2030-njy ýy­lyň ahy­ry­na çen­li çig ma­lyň gu­tar­ma­gy se­bäp­li ýa­pyl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýan şah­ta­la­ryň umu­my meý­da­ny 3 müň 731 ine­dör­dül ki­lo­met­re ýe­ter. Ola­ryň ýer­le­rin­de bol­sa önüm­çi­lik kuw­wa­ty 185 Gi­ga­wat bol­jak be­ket­le­ri gu­rup bo­lar. Bu­la­ryň äh­li­si Ger­ma­ni­ýa­nyň sarp ed­ýän elekt­rik ener­gi­ýa­sy­na ba­ra­bar bo­lar. Eý­ýäm Hy­taý­da şeý­le tas­la­ma­la­ryň bir­nä­çe­si dur­mu­şa ge­çi­ri­lip baş­lan­dy.

La­çyn KUL­LA­ÝE­WA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkeziniň maglumat tehnologiýalary boýunça hünärmeni.