2012-nji ýylyň finalçylary “Bawariýa” bilen “Çelsi” ýene-de Münhen şäherinde duşuşdy. Bu gezek ýer eýeleri 3-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşykda gollaryň 4-sini hem iňlis futbolçylary derwezä girizdi. 20-nji minutda Çalobanyň awtogoly bilen öňe geçen “Bawariýanyň” 2-nji goluny 27-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan ýyldyz hüjümçi Harri Keýn derwezä girizdi. 29-njy minutda “Çelsiniň” ýaş ýyldyzy Koul Palmer toparynyň geçirden gollarynyň biriniň öwezini dolsa-da, 63-nji minutda ýene-de Keýn tapawutlanyp, oýna soňky nokady goýdy.

1971/72 möwsüminiň finalçylarynyň duşuşygynda “Aýaks” öz meýdançasynda “Interden” 2-0 hasabynda asgyn geldi. Italýan toparynyň gollarynyň 2-sini hem 42-nji we 47-nji minutlarda Markus Turam öz adyna ýazdyrdy. Mundan 53 ýyl öňki finalda “Aýaks” 2-0 hasabynda ýeňipdi.