Gresiýanyň parlamenti, ses berişligiň dördünji tapgyrynda ozal parlamentiň başlygy bolup işlän Konstantinos Tasulasy ýurduň Prezidenti wezipesine saýlady. Ses berişligiň netijelerine görä, Tasulas 300-den 160 sese eýe boldy, şunuň bilen birlikde dördünji tapgyrda ýeňiş gazanmak üçin dalaşgäre 151 ses ýeterlik boldy.
“Ses berişligiň netijelerine laýyklykda, Konstantinos Tasulas Respublikanyň Prezidenti wezipesine saýlandy, onuň dalaşgärligi dördünji ses berişlikde deputatlaryň umumy sanyndan absalýut köplüge eýe boldy” diýip, parlamentiň başlygy Nikitas Kaklamanis mälim etdi.
Tasulasyň kasam Kabul edişlik dabarasy 13-nji martda geçiriler.
Ses berişligiň ilkinji üç tapgyry 25-nji ýanwarda, 31-nji ýanwarda we 6-njy fewralda bolup geçdi we olaryň hiç biri-de şowly bolmandy.