Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwrülmegi, ekologiýa abadançylygyny üpjün edilmegi üçin uly işler amala aşyrylýar. Ýerleri özleşdirmek we şorlaşmagyň öňüni almak boýunça degişli çäreler yzygiderli geçirilýär. Golaýda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi, Çärjew etrap tokaý hojalygy, Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň milli institutynyň tokaýlaryň, öri meýdanlaryň ekologiýasynyň müdirligi “Täze zaman” jemgyýetçilik birleşigi tarapyndan FAO-nyň (Merkezi Aziýa) goldawy bilen Lebap welaýat tokaý hojalygynyň Farap tokaý bölüminde gara sazaklaryň tohumlarynyň millionlarçasy ekildi. Bu çäre ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak maksady bilen geçirilýär.
Gara sazaklar şorlaşan ýerlerde, gum gerişleriniň arasyndaky çöketliklerde, takyrlarda ösýärler. Bu agaçlaryň ortaça beýikligi 6-8 metre barabardyr. Pürleriniň gara-ýaşyl öwüşgin berýändigi sebäpli oňa gara sazak diýilýär. Gara sazaklaryň püri göze ilmeýän ownujak ýaşyl güberjekleri emele getirýär. Şeýle görnüşli ýaprajyklar ösümligiň düzümindäki suwlaryň örän ujypsyz mukdarda bugarmagyny üpjün edýär. Suwuň aglaba bölegini sazaklar öz baldaklarynda saklap, tomsuň jöwzasy-da, epgek ýerler hem bu sazaklara täsirini ýetirip bilmeýärler. Şeýle-de bu ýerde umumy meýdany 4 gektardan gowrak bolan ýerde miweli we miwesiz, esasan, igde şitilleriniň 1 müň 500 düýbe golaýy oturdyldy. Geljekde bu ýerde gözel tebigatymyzyň gözelligine gözellik goşjak igde bagynyň tutuş zolagy kemala geler. Yhlas siňdirilip ekilen gara sazaklar, topragyň özleşip, şorlaşmagyň öňüni alyp, ägirt uly tokaýy döreder, daş-töweregiň howasyny arassalar. Bu bolsa Garaşsyz, Baky Bitarap döwletimiziň, bagy-bossanlyga öwrülmegine goşant goşar. Şeýle işleriň eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde amala aşyrylmagy has-da buýsandyryjydyr.
Maksat Hajyýew, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň başlygy.