Irki ýyllardan bäri çekişme görnüşinde berilýän bu soraga her kim özüçe jogap berýär. Bu soragyň jogabyna görä, adamlaryň biri akyl bilen, beýlekisi bolsa bedeni bilen dünýäni öwrenýär. Käbir adam oturan ýerinde müňlerçe sahypalyk kitap okamagy halaýan bolsa, käbir adam ýurtlary, şäherleri gezmek üçin müňlerçe kilometr ýol geçýär. Eýsem, beýniniň täze zatlary öwrenmegi üçin kitap zerurmy ýa-da tejribe? Okap öwrenmekmi ýa-da görüp öwrenmekmi? Bularyň haýsysy has täsirli?
Köp okaýan adamyň beýnisi her kitapdan täze maglumat gorlaryny we artykmaçlyklary alýar. Bu amalda söz baýlygy giňeýär, duýgy düşünjeleri artýar we stres bilen göreşmek ukyby ýokarlanýar. Hünärmenler yzygiderli okamagyň beýniniň işleýiş tizligini ýokarlandyrýandygyny, pikirleri güýçlendirýändigini we hyýallary ösdürýändigini belleýärler.
Syýahat edýän adamlaryň köpüsi dürli medeniýetli adamlar bilen gönüden-göni aragatnaşykda bolýar. Şeýlelikde, öňden gelýän düşünjeleri aýryp, dünýä has giň tarapdan seredýärler. Täze dilleri öwrenmek, dürli medeniýetler we aşhanalar bilen tanyş bolmak arkaly sosial aragatnaşyk endikleri ösýär. Syýahat etmek arkaly öwrenmegiň iň uly artykmaçlygy dürlüligi başdan geçirmek we maglumatlaryň dogry ýa-da nädogrudygyna düşünmekdir.
Syýahat maglumatlary ýada salýan disk ýalydyr. Görüş, duýgular arkaly başdan geçirilen her bir pursat kitapdaky wakalardan has berk ýatda saklanýar. Mysal üçin, kitapda suratlandyrylýan şähere ýa-da muzeýe özüň aýlanyp görmek, bu ýerdäki zatlary gözüň bilen görmek kitapdaky beýan edilişinden has täsirli bolýar. Kitapdan öwrenmek adama giňişleýin maglumat berýär. Şeýle hem okap öwrenmek akyl goruny ýokarlandyrýar, ünsi uzak wagtlap bir ýere jemlemegi we maglumatlara yzygiderli çemeleşmegi ýeňilleşdirýär. Kitapda çylşyrymly pikirler, ylmy derňewler, filosofik we edebi garaýyşlar beýan edilýär.
Gündelik durmuşda bu usullaryň ikisi hem zerurdyr. Çünki adam bütin ýylyň dowamynda gezelençde bolup bilmeýär. Şeýle hem käbir anyk maglumatlary syýahat etmek arkaly öwrenip bolmaýar. Şol sebäpli gezelenç edilýän wagty okamagy hem ýatdan çykarmaly däl. Iň gowy netije ilki okamak, soňra syýahat etmek bolsa gerek.