2-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saud bilen duşuşdy.

Söh­bet­deş­ler mä­hir­li sa­lam­la­şyp, bi­rek-bi­re­gi mu­kad­des Ora­za baý­ra­my bi­len gut­la­dy­lar hem-de bu mü­bä­rek aý­da tu­tu­lan ora­za­la­ryň, edi­len yba­dat­la­ryň Be­ýik Bi­ri­ba­ryň der­gä­hin­de ka­bul bol­ma­gy­ny ar­zuw et­di­ler.
Myh­man müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, Iki Mu­kad­des­li­giň Hyz­mat­kä­ri Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň Pa­ty­şa­sy Sal­man ben Ab­de­la­ziz Al Sau­dyň we Mi­ras­dü­şer Şa­za­da­sy, Prem­ýer-mi­nist­ri Mo­ham­med bin Sal­man bin Ab­de­la­ziz Al Sau­dyň ibe­ren sa­la­my­ny hem-de iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di we Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da Türk­me­nis­ta­nyň äh­li ul­gam­lar­da ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le-de myh­man Aş­ga­ba­dyň gö­zel bi­na­gär­lik keş­bi­niň, onuň ba­gy-bos­san­ly­ga bü­re­nen se­ýil­gäh­le­ri­niň özün­de ýa­kym­ly tä­sir­le­ri gal­dy­ran­dy­gy­ny aýt­dy.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, Iki Mu­kad­des­li­giň Hyz­mat­kä­ri Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň Pa­ty­şa­sy Sal­man ben Ab­de­la­ziz Al Sau­da hem-de Pa­ty­şa maş­ga­la­sy­nyň ag­za­la­ry­na sa­la­my­ny be­ýan et­di. Mil­li Li­de­ri­miz dost­luk­ly ýur­duň döw­let mi­nist­ri­niň şu ge­zek­ki sa­pa­ry­nyň üs­tün­lik­li geç­me­gi­ni ar­zuw edip, onuň ne­ti­je­le­ri­niň kö­pu­gur­ly türk­men-sa­ud gat­na­şyk­la­ry­ny has-da ös­dür­mä­ge ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan bi­len Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň ara­syn­da­ky döw­le­ta­ra gat­na­şyk­lar açyk­lyk, öza­ra hor­mat goý­mak, yna­nyş­mak hä­si­ýe­ti bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ýurt­la­ry­myz sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, söh­bet­deş­ler ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, söw­da, ma­ýa go­ýum, ulag-ara­gat­na­şyk, hi­mi­ýa we dok­ma se­na­ga­ty, oba ho­ja­ly­gy pu­dak­la­ry­ny söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi uly ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da bel­läp, şu ba­bat­da bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri do­ly ulan­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar.
Ýurt­la­ry­myz di­ňe bir iki­ta­rap­la­ýyn de­re­je­de däl, eý­sem, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň we Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de-de üs­tün­lik­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hal­ka­ra sy­ýa­sa­tyň mö­hüm me­se­le­le­ri, hu­su­san-da, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek ba­bat­da iki döw­le­tiň ga­ra­ýyş­la­ry­nyň meň­zeş­di­gi ýa-da ýa­kyn­dy­gy ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­nil­di. Mu­nuň özi hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de ut­ga­şyk­ly he­re­ket et­mek üçin wa­jyp şert bo­lup hyz­mat ed­ýär. Mun­dan baş­ga-da, söh­bet­deş­ler par­la­men­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk ul­ga­myn­da tej­ri­be alyş­mak we par­la­ment we­kil­le­ri­niň ara­syn­da iş gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­mak do­wam edip gel­ýän hyz­mat­daş­ly­gy tä­ze maz­mun bi­len baý­laş­dyr­ma­ga ýar­dam be­rer.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz me­de­ni-yn­san­per­wer ul­ga­my türk­men-sa­ud gat­na­şyk­la­ry­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da bel­läp, Türk­me­nis­ta­nyň bu ugur­da iki do­gan­lyk hal­ky ýa­kyn­laş­dyr­ma­ga hyz­mat et­jek anyk iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li
Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň döw­let mi­nist­ri, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ag­za­sy Emir Tur­ki bin Mo­ham­med Al Sa­ud ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň iki ýur­duň do­gan­lyk halk­la­ry­nyň bäh­bi­di­ne mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­di­rip, bi­rek-bi­re­ge iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.

* * *

Şol gün türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Başlygy, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow Ka­tar Döw­le­ti­niň Olim­pi­ýa Ko­mi­te­ti­niň pre­zi­den­ti Şeýh Joaan bin Ha­mad Al Ta­ni bi­len du­şuş­dy. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ni ös­dür­mä­ge we sport ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gy has-da gi­ňelt­mä­ge, bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge de­giş­li me­se­le­ler­de pi­kir al­şyl­dy.