2026-njy ýylyň tomsunda Halkara kosmos stansiýasy (HKS) üçin niýetlenen kir ýuwujy maşynyň prototipiniň ýerüsti synaglaryna başlamak meýilleşdirilýär. Bu barada Russiýanyň “Himiýa maşyn gurluşygynyň ylmy-gözleg instituty” paýdarlar jemgyýetiniň geljegi uly taslamalar bölüminiň başlygy Ýewgeniý Uýmanowa salgylanyp, TASS habar berýär. Işlenip düzülýän bu kir ýuwujy maşyn adaty bolmadyk gurluşa eýe bolup, ol daşyndan kamerany ýa-da ýumşak haltany ýada salýar. Enjamyň işleýän wagtynda yzygiderli gysylyp açylmagy esasynda ondaky eşikler aýlanar we arassalanar. Maşynyň göwrümi takmynan 5 litre barabar bolup, içindäki eşikler ýuwlup bolandan soň, wakuumlaşdyrma, ýagny içki howany sordurmak, şeýle hem eşikleri guratmak amallary ýerine ýetiriler. Şol bir wagtyň özünde, institutda kosmosda ulanmak üçin duş kabinasy hem işlenilip taýýarlanýar. Ýer tygşytlamak maksady bilen döredilmegi meýilleşdirilýän duş kabinasy 2 kub metre deň bolup, ol ýygnalýan görnüşde bolar.

Mährem BABAMYRADOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.