ABŞ-nyň Aerokosmos edarasy (NASA) Aýa täze bir enjam ibermegi meýilleşdirýär. “Lunar PlanetVac” (LPV) atly enjam bir santimetre çenli bolan tozan bölejiklerini sorup, olary gaýtadan Ýere iberer. “Blue Ghost 1” atly Aýa gonduryljak gämi “Firefly Aerospace” atly kompaniýa tarapyndan işlenip taýýarlanýar. NASA asman jisimlerindäki topragyň düzümini şol ýerde öwrenmegi usullaryny kämilleşdirýär. LPV atly “tozansorujy” bolsa, “Honeybee Robotics” atly kompaniýa tarapyndan işlenip taýýarlandy. Enjam basyşly gaz arkaly Aýyň ýüzündäki tozanlary pytradýar. Enjam ululygy bir santimetre çenli bolan tozan bölejiklerini alyp bilýär. Soňra toprak nusgasy elenip, surata düşüriler we Ýere iberiler. Enjam dolulygyna özbaşdak işleýär. Adatça, beýleki asman jisimlerinden toprak nusgalary ýüzünden däl, gazyp almak arkaly alynýar. Emma bu enjam aşakdaky topragy gazmak däl-de, basyş arkaly üflemek arkaly alýar. Bu tehnologiýa suw, geliý we beýleki çeşmeleri gözlemekde peýdalanylar. Şeýle hem astronomlar Aýda hemişelik desgalary gurmakda bu tehnologiýanyň netijeli boljakdygyny belleýärler.
Kosmos gämisi golaýda Floridadaky Kennedi adyndaky kosmodromdan “SpaceX Falcon 9” raketasy arkaly uçurylar. Uçuş 45 gün dowam edip, mart aýynyň başynda Aýa baryp ýeter.

Ilýas Remezanow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.