Krosswordyň soraglary

1. Kuranyň bir süresi.
2. Ýörite ýasalan daýanjy bolan, aýak oturdylan.
3. Bir tarapy gädik üçburçluga meňzeş nagyş.
4. Bir zat hakynda hat üsti bilen edilýän haýyşnama.
5. Garyndaşlyk gatnaşygyny aňladýan söz
6. Günorta ýurtlarda ösýän örän berk, hemişe gök agaç
7. Mata, dokma dokalanda erşiň içinden geçirilýän ýüp, ýüplük.
8. Barlygy ýaradan, Beýik Biribar.
9. Gäminiň gapagyna ýygnanýan suw akar ýaly deşik.
10. Özüne çekiji, gyzykdyryjy.
11. Iki öň aýagy gysga, art aýaklary uzyn, uzyn guýrugynyň ujy garaja ýalman.
12. Hormatsyz, sylagsyz.
13. Birneme asudalyk aralaşmak, aladadan dynmak.
14. Wagt aňladýan sözleriň öňünden gelip, ″bütin, boýy, başyndan aýagyna″ diýen manylary aňladýan söz.
15. Çapgyn aýazlyk, aňzak howalylyk.
16. Müşderi, haryt alýan.
17. Sypaýy, mylaýym, salyhatly, ýokary adamkärçilikli adam.
18. Aşyk salmak üçin ýörite esgi torba.
19. Söweşe şaýlanmak, göreş ýoluna düşmek (söz düzümi).
20. Beýlekisinden tapawutlylyk, aýratynlyk.
21. Arka tarapyna, arkasyna, arkanlygyna.
22. Minnetdarlyk bildirmek üçin başyňy öňe tarap egmek (söz düzümi).
23. Sargylt-çypar, gara menekli ýyrtyjy jandar.
24. Awstriýanyň esasy ilatyny düzýän halk.
25. Tüýs, edil, hakyt.
26. Birini gorkuzmak üçin bir zat etjekdigiňi duýdurmak.
27. agaşyksyz, ädimini dürs basmaýan.
28. Ata, öküze, düýä goşulyp ýer sürmek üçin ulanylýan gural.
29.
30. Öňdäki, gabat garşydaky.