Krosswordyň soraglary

1. San taýdan köp, artykmaç.
2. Nyşana ok atmak, mergençilige türgenleşmek üçin ýörite ýer.
3. Kawkaz halklarynyň haýallyk bilen ýerine ýetirýän tansy we onuň sazy
4. Adamyň, haýwanlaryň, mörmöjekleriň ýöremek üçin hyzmat edýän beden agzasy.
5. Bir zadyň aşagy, düýbi, teýi.
6. Ümsümlik, rahatlyk, parahatlyk.
7. Bolgusyz zada esaslanýan dostluk, yrga dostluk.
8. Aňsat, ýeňil, kyn däl.
9. Hojalykda ulanylýan ýuka ýüzli pyçak.
10. Eňegiň aşak tarapy.
11. Ekerançylyk bilen meşgullanýan oturymly ilat
12. Şerebeli, göwne degiji söz aýtmak, awuly dilini ýetirmek.
13. Aşhana guraly
14. Suwaryş ulgamy üçin uly we giň ýap.
15. Aýdym aýtmak we ş. m. Boýunça ýaryş.
16. Ýedi gat asmanyň iň ýokarkysy.
17. Oýlanyşykly, aň-düşünjeli.
18. Bedeniniň iki gapdaly ýapbaşyk, ýüzgüçleri örän uly, bedeniniň guýruk bölegi bolmadyk balyk.
19. Çagalaryň, ýetginjekleriň oýnaýan gadymy milli oýny.
20. Ymgyr köp, ummasyz.
21. Biçilen düýe.
22. Päk ýürekli, wyždanly.
23. Tahýanyň depesine keşdelenip salynýan nagyş.
24. Ylalaşyklylyk, özara oňşuklylyk.
25. Dagda, gumda bitýän ýowşana meňzeş ösümlik.
26. Günorta ýurtlarda ösýän örän berk, hemişe gök agaç
27. Ar-namysy bilmeýän, binamys, adamkärçilik mertebesi pes, ygrarsyz.
28. Şatlykly, şatlykly halda.
29. Dok däl, hiç zat iýmedik.
30. Jemgyýetçilik-ahlak mertebesi, ar we namys.