Tans sungaty köpasyrlyk we häzirkizaman dessurlarynyň berk düzgünlerini özünde jemleýär. Tans horeografiýasynda goýulýan tans hereketleri biziň ata-babalarymyzdan gelýän milliligimiziň inçeligini ýitirmän, ol hereketlere täzeçe öwüşgin berlip, täze keşbe eýe bolmak bilen ösdürilýär. Şol bir wagtyň özünde hem ruhy mirasyň baý dessurlaryny özlerinde saklaýar.
Türkmen milli tanslary ýurdumyzyň ähli ýerlerinde giňden ýaýrap, olaryň ýerine ýetiriliş aýratynlyklary her welaýatda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Tans sungatyny özüne maýyl ediji sungatlaryň biri diýsek ýalňyşmarys. Sahnada ýaş oglan-gyzlaryň ýa-da çagalaryň owadan hereketler bilen ajaýyp sazlara goşulyp, milli lybaslarymyzda ýerine ýetirýän tanslaryny synlanyňda göwnüň göterilip, şatlyk duýgusyny başdan geçireniňi duýman galýarsyň. Ata-babalarymyzyň şu sungata bolan garaýyşlaryny biz taryhy we folklor, etnografiýa tanslarymyzyň üsti bilen görüp bilýäris. «Küştdepdi», «Sallanma», «Işimme», «Çapak» we ýene-de ençeme türkmen tanslary öz milliligini şu güne çenli ýitirmän gelýär. Bu tanslaryň ýerine ýetirilişinde biz öz gadymdan gelýän milliligimiziň inçe syrlaryny görýäris.
Küştdepdi tansy gadymy tans hökmünde, esasan, Hazaryň kenar ýakasyndaky obalarda has meşhur bolupdyr. Küştdepdide türkmen halkynyň gadymy durmuşyny, hal-ýagdaýyny, şu günki we geljekdäki arzuw-isleglerini gazalyň sözlerinde we tansyň hereketlerinde aýdyň görmek bolýar. Asyrlaryň geçendigine garamazdan Küştdepdi tansy hem özüniň asyl durkuny ýitirmän, täze öwüşginde şu günlere gelip ýetipdir. Küştdepdi milli tans hökmünde ýurdumyzyň ähli ýerinde joşgunly ýerine ýetirilýär. Küştdepdi tansynyň birnäçe görnüşi bar. Olardan «Bir depim», «Iki depim», «Diwana» ýa-da «Üç depim» ýaly görnüşleri mysal getirmek bolar. Şeýle-de bu tansyň ýerine ýetiriliş aýratynlyklary hem döwre guran adamlaryň ýaşyna we ýaşaýan ýerine baglylykda üýtgeýär.
Küştdepdi tansy ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýän toý-baýramlaryň bezegidir. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Maddy däl medeni mirasy saklap galmak boýunça Hökümetara komitetiniň Çeju şäherinde (Koreýa Respublikasy) geçirilen 12-nji mejlisinde teklip edilen «Küştdepdi» aýdym we tans dessury ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Küştdepdi tansy häzirki wagtda ýurdumyzyň esasy baýramçylyklarynyň ählisiniň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Ony ýurdumyzyň ähli sebitlerinde folklor we tans toparlary bagtyýar döwrüň belent ruhy we täze eýýamyň bedew bady bilen ýerine ýetirýärler.
Goý, milli mirasymyzy, medeniýetimizi we sungatymyzy giňden öwrenmekde, ony dünýä ýaýmakda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaç alsyn!
Şemşat Ýomudowa,
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň horeografiýa sungaty bölüminiň müdiri.