Kuweýtiň Emiri şeýh Maşaal Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabah ýurduň täze Premýer-ministri wezipesine Şeýh Muhammet Sabah Al-Salem Al-Sabahy belledi. Bu barada Emiriň kararynda bellenilýär.
Karara laýyklykda, täze Premýer-ministr Emir tarapyndan tassyklanan indiki Ministrler Kabinetiniň agzalaryny hödürlemeli, şeýle hem Milli Assambleýada – Kuweýtiň bir palataly parlamentinde hökümetiň gurulýandygy barada hasabat bermeli. Bu karar hökümetiň “Al-Kuweýt Al-Yawm” gazetinde çap edilenden soň güýje girýär.
Şeýh Maşaal 16-njy dekabrda aradan çykan Kuweýtiň Emiri şeýh Nawaf al-Ahmed al-Jaber al-Sabahyň mirasdüşeri boldy. Täze Emir Milli mejlisiň öňünde kasam kabul edenden soň, Kuweýtiň hökümeti işinden çekildi. Şeýh Maşaal öňki Premýer-ministr Şeýh Ahmed Nawaf al-Ahmed al-Sabahyň 20-nji dekabrda hökümetden aýrylmagy baradaky haýyşyny kabul etdi.
Täze Premýer-ministr Şeýh Muhammet Sabah al-Salem al-Sabah 1955-nji ýylda doguldy. Ol Klermont uniwersitetinde ykdysadyýet boýunça bakalawr derejesini we Garward uniwersitetinde hem filosofiýa boýunça doktor derejesini aldy. Şeýh Muhammet 1993-2001-nji ýyllar aralygynda Kuweýtiň ABŞ-daky ilçisi bolup, ýurduň hökümetinde daşary işler ministri bolup işledi.