Italiýada dyzynyň kuwwaty gaçan ýa-da bütinleý ýöremek ukybyny ýitiren adamlar üçin robotlaşdyrylan ekzoskelet döredildi. Bu barada “MedicalXpress” web saýty habar berýär.
“TWIN” diýlip atlandyrylan ekzoskelet Milanda tanyşdyryldy. Ýörite hereketlendirijiler hassalara dyz we but bogunlaryny epmäge kömek edýär. Şunuň bilen birlikde enjam ädimiň uzynlygyna, hereket ýetmezçiliginiň derejesine we ýöreýiş tizligine görä sazlanýar. Bedeni dik saklaýan bu enjam, hasaly ýöremäge, durmaga we oturmaga ýardam berýär. Bilermenler ýakyn wagtda ekzoskeletiň önümçiligini ýola goýmagy göz öňünde tutýarlar.