Syýasatşynas Laura Fernandes Kosta-Rikanyň 2026-2030-njy ýyllar üçin prezidenti boldy.
«CRHoy» portalynyň habaryna görä, onuň kasam kabul ediş dabarasy San-Hosedäki milli stadionda boldy diýip, TASS ýazýar.
Ýurduň wezipäni terk edýän lideri Rodrigo Çawes Fernandese Prezidentlik lentasyny gowşurdy. Neşiriň maglumatlaryna görä, täze döwlet Baştutany özüniň ilkinji çykyşynda öňki syýasy ugry dowam etdirjekdigini, çuň özgertmeleri geçirjekdigini hem-de guramaçylykly jenaýatçylyga garşy berk göreşjekdigini söz berdi.
Dabara 71 ýurduň wekili gatnaşdy. Fernandesiň Kosta-Rikanyň taryhynda iň ýokary döwlet wezipesinde ikinji zenan bolandygy habarda bellenýär.