Fransiýanyň çempionatynda sanawyň lideri üýtgedi. PSŽ myhmançylykda “Renn” bilen duşuşyp, 3-1 hasabynda asgyn geldi. Duşuşykda ýer eýeleriniň gollaryny Al-Tamari, Lepol hem-de Embolo geçirdi. Paýtagtyň beýleki topary “Pariž” öz meýdançasynda “Lans” bilen duşuşdy. Myhmanlaryň doly artykmaçlygynda geçen oýunda “Lans” topary garşydaşynyň derwezesinden jogapsyz 5 gol geçirdi. Gollary Said (24, 38), Towen (58 p) hem-de 90-njy minutdan soň 2 gezek tapawutlanan Fofana (90, 90+5) öz atlaryna ýazdyrdylar. Bu netijelerden soň “Lans” täzeden liderlige gaýdyp geldi. “Nissa” toapryny Tolisso hem-de Nartiniň gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňen “Lion” 3-nji orna beýgeldi.

22-nji tapgyryň netijeleri:

Renn – PSŽ: 3-1 (Al-Tamari 34, Lepol 69, Embolo 81 – Dembele 72),

Monako – Nant: 3-1 (Adingra 25, 28, Zakariýa 30 – Sentonz 45+1),

Marsel – Strasbur: 2-2 (Grinwud 14, Nanasi 74 – Guiri 47, Paniçelli 90+6 p),

Lill – Brest: 1-1 (Perren 71 – Labo 58),

Pariž – Lans: 0-5 (Said 24, 38, Towen 58 p, Fofana 90, 90+5),

Le Hawr – Tuluza: 2-1 (Sumare 43, 53 – Sidibe 45+3),

Loriýan – Anže: 2-0 (Paži 9, Makengo 58),

Mets – Oser: 1-3 (Mbala 90+4 – Sane 4 ö.d., Sinaýoko 76, Danua 89),

Lion – Nissa: 2-0 (Tolisso 45+1, Narti 65)