UEFA Ýewropa Ligasynda 3-nji duşuşyklar geçirilip, ýaryşyň faworitlerinden Italiýanyň “Roma” topary bassyr 2-nji gezek öz meýdançasynda utuldy. Çehleriň “Wiktoriýa Plzen” toparyny kabul eden rimliler 1-nji ýarymda 2 minutda 2 gol geçirdip, oňa jogap bermek italýan toparyna başartmady. 2-1 hasabynda çeh klubunyň peýdasynda tamamlanan oýunda myhmanlaryň gollaryny Adu (20) bilen Suare (22), rimlilerden bolsa Dibala (54 p) geçirdi.
Daniýanyň “Midtýullann” topary myhmançylykda “Makkabi Tel-Awiw” toparynyň derwezesinden jogapsyz 3 gol geçirdi. Džu (44, 84) hem-de Billingiň (71) gollary bilen 3-0 hasabynda ýeňen “Midtýullann” 3-nji duşuşygynda 3 utuk gazanmagy başardy.
“Midtýullann” ýaly “Braga” hem-de “Lion” toparlary-da utuklaryny 9-a çykardylar. “Braga” öz meýdançasynda “Srwena Zwezda” toparyny Nawarro (22) hem-de Dorgelesiň (90) gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňdi. “Lion” hem şol hasap bilen “Bazelden” üstün çykdy. Duşuşykda fransuz toparynyň adyndan oýnuň başynda Tolisso (3), oýnuň ahyrynda bolsa Moreira (90) tapawutlandy.
Fransiýanyň “Nissa”, Awstriýanyň “RB Salsburg”, Niderlandlaryň “Utreht”, Şotlandiýanyň “Reýnjers” klublary 3-nji duşuşyklarynda hem ýeňlişe sezewar boldular.
“Porto” toparyndan Gibbs-Waýtyň (19 p) hem-de Igor Žesusuyň (77 p) gollary bilen 2-0 üstün çykan “Nottingam Forest” ähli ýaryşlary hasaba alanyňda möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy. Ýaňy ýakynda Şon Daýç toparyň täze tälimçisi wezipesine bellenipdi. Tapgyryň iň köp gol geçirilen duşuşygynda Gresiýanyň PAOK topary myhmançylykda “Lill” toparyny 4-3 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Oýunda grek klubunyň gollaryny Meite (18), Ziwkowiç (23, 74) hem-de Konstantelias (42) geçirdi. Fransuz klubunda Andreniň (57) hem-de Igamaneniň (68, 78) gollary ýeňşe ýetmedi.
UEFA Ýewropa Ligasynda 3-nji duşuşyklaryň netijeleri:
RB Salsburg – Ferenswaroş: 2-3
Fenerbahçe – Ştutgart: 1-0
FKSB – Bolonýa: 1-2
Gou Ehed Iglz – Aston Willa: 2-1
Genk – Betis: 0-0
Lion – Bazel: 2-0
Braga – Srwena Zwezda: 2-0
Brann – Reýnjers: 3-0
Feýenoord – Panatinaikos: 3-1
Roma – Wiktoriýa Plzen: 1-2
Ýang Boýz – Ludogores Razgrad: 3-2
Seltik – Şturm Gras: 2-1
Lill – PAOK: 3-4
Makkabi Tel-Awiw – Midtýullann: 0-3
Malmö – Dinamo Zagreb: 1-1
Nottingam Forest – Porto: 2-0
Selta Wigo – Nissa: 2-1
Fraýburg – Utreht: 2-0
PDF









