Litwanyň Premýer-ministri Inga Ruginiene 4 günlük iş hepdesiniň geljekde ýurtda durmuşa geçiriljekdigini we ähli iş ulgamyna ornaşdyrylmalydygyny öňe sürdi. Iş ýerleriniň uzakdan işlemäge niýetlenen we iş durmuşynyň deňagramlylygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýän tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýandygyny aýtdy. Premýer-ministriň sözlerine görä, has gysga iş wagty öndürijiligi ýokarlandyrar – diýip, Latwiýanyň habar portaly «lsm.lv.» ýazýar.
«Gijos» energiýa kompaniýasynyň işgärleriniň 80 göterimi hepdede 5 gün däl-de, 4 gün işleýär. Bu usul birnäçe ýyl bäri ulanylýar. Kompaniýanyň wekiliniň pikiriçe, iş günleriniň sanynyň azalmagy netijeliligi has-da ýokarlandyrdy hem-de işgärleriň maşgala, güýmenje we okuw üçin has köp boş wagty bar. Şeýle-de bolsa, käbir işgärler gysgaldylan iş hepdesinden peýdalanyp bilmeýärler.
Işewürler konfederasiýasynyň başlygy Andrýus Romanowskis bu pikiri syýasy futurizm diýip atlandyrýar, ýöne beýleki işewürler kompaniýalaryň has gysga iş hepdesine entek taýyn däldigini, beýle üýtgeşmeleriň uly maýa goýumlary talap edýändigini belleýärler.