Litwanyň parlamenti Litwanyň Sosial-demokratik partiýasyndan 44 ýaşly Inga Ruginieni ýurduň Premýer-ministri hökmünde tassyklady diýip, Litwanyň radio we telewideniýesi (LRT) habar berdi.
Litwanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, Premýer-ministr parlamentiň makullamagy bilen Prezident tarapyndan bellenilýär. Prezident Gitanas Nauseda Ruginieni öňki maslahatda premýer-ministrlige hödürläpdi, indi parlament ony tassyklady. Seýmanyň 78 agzasy Ruginieni makullap ses berdi, 35-si garşy ses berdi, 14-si bolsa, saklandy.