Angliýanyň çempionatynda oktýabr aýyndaky ähli ýaryşlardaky duşuşyklarynda gol geçirtmezden ýeňiş gazanan “Arsenal” bu statistikasyny dowam etdirýär. Londonlylar 10-njy tapgyrda myhmançylykda “Börnlini” Gýokereş hem-de Raýsyň gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňmegi başardy.
Soňky çempion “Liwerpul” hem şol hasap bilen “Aston Willadan” üstün çykyp, çempionatda 4 oýundan soň ilkinji ýeňşini gazandy. “Liwerpula” ýeňiş getiren gollary Mohamed Salah bilen Granweberh geçirdi. Salahyň APL-de geçiren gollarynyň sany 190-a, “Liwerpulda” geçiren gollarynyň sany bolsa 250-ä ýetdi.

Erling Holannyň 2 gol geçiren oýnunda “Mançester Siti” öz meýdançasynda “Bornmuty” 3-1 hasabynda utdy. “Mançester Ýunaýted” bolsa yzly-yzyna 3 ýeňişden soň myhmançylykda “Nottingam Forest” bilen 2-2 hasabynda deňme-deň oýnady.
London derbisinde “Çelsi” myhmançylykda “Tottenhamy” Žoao Pedronyň 34-nji minutda geçiren ýeke-täk goly bilen ýeňmegiň hötdesinden geldi.
“Fulhamdan” 3-0 hasabynda asgyn gelen “Wulwerhempton” toparynyň portugaliýaly tälimçisi Witor Pereira wezipesinden boşadyldy. “Wulwerhempton” şu möwsümde 10 oýunda ýeke gezek ýeňiş gazanyp bilmedi.
10-njy tapgyryň netijeleri:
Börnli – Arsenal: 0-2 (Gýokereş 14, Raýs 35),
Braýton – Lids: 3-0 (Welbek 11, Gomes 64, 72),
K. Palas – Brentford: 2-0 (Mateta 30, Kollinz 51 ö.d.),
N. Forest – M. Ýunaýted: 2-2 (Gibbs-Waýt 48, Sawona 50 – Kazemiro 34, Diallo 81),
Fulham – Wulwerhempton: 3-0 (Sessenion 9, Wilson 62, Moskera 75 ö.d.),
Tottenham – Çelsi: 0-1 (Žoao Pedro 34),
Liwerpul – Aston Willa: 2-0 (Salah 45+1, Grawenberh 58),
West Ham – Nýukasl: 3-1 (Paketa 35, Botman 45+5 ö.d., Souçek 90+8 – Mörfi 4),
Man. Siti – Bornmut: 3-1 (Holann 17, 33, O’Raýli 60 – Adams 25),
Sanderland – Ewerton: 1-1 (Džaka 46 – Ndiaý 15)
 PDF



		

                         
                         



