UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji tapgyryň iň çekeleşikli geçen oýunlarynyň ýene biri-de “Anfield” stadionynda ýerli “Liwerpul” bilen “Atletiko Madridiň” arasyndaky duşuşyk boldy. Duşuşygyň başynda “Liwerpul” Robertsonyň 4-nji, Salahyň 6-njy minutda geçiren gollary bilen 2-0 hasabynda öňe saýlandy. Ýöne ispan toparynda Markus Llorente 45+3-nji we 81-nji minutlarda tapawutlanyp, hasaby deňlemegi başardy. Duşuşygyň 90+2-nji minutynda-da Wirgil wan Deýkiň goly “Liwerpula” ýeňiş getirdi. Ýaryşyň köplerine görä, 1-nji derejeli faworiti “Liwerpul” 3-2 hasabynda üstün çykyp, täze möwsüme kynlyk bilenem bolsa ýeňiş bilen başlady.
Soňky çempion PSŽ öz meýdançasynda Italiýanyň “Atalanta” toparynyň derwezesinden jogapsyz 4 gol geçirdi. Her ýarymda 2 gol geçiren parižlileriň gollaryny Markinios (4), Kwarasheliýa (39), Nunu Mendeş (51) hem-de Gonsalu Ramuş (90+1) derwezä girizdi.
Ýaryşyň debýutantlaryndan Kipriň “Pafosy” goňşusy Gresiýanyň “Olimpiakos” topary bilen myhmançylykda golsuz deňme-deň oýnady. Şonuň ýaly Norwegiýanyň “Bude-Glimt” topary hem bu ýaryşdaky ilkinji duşuşygyndan utuk bilen dolanmagy başardy. Pragada “Slawiýanyň” myhmany bolan norweg topary garşydaşynyň Mbodjiniň (23, 74) gollary esasynda öňe geçendigine garamazdan Bassi (78) hem-de Brunstad Fetiň (90) gollary bilen hasaby deňledi.