Angliýanyň çempiony “Liwerpul topary “Baýerden” alan Jeremie Frimpong bilen Florian Wirtsden soň 3-nji transferini hem resmi ýagdaýda mälim etdi. “Liwerpul” topary köp wagtdan bäri gyzyklanma bildirýän futbolçyny, “Bornmut” toparynyň çep gyraky goragçysy Miloş Kerkezi düzümine goşdy. Iňlis kluby 21 ýaşyndaky wenger oýunçy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Liwerpul” Kerkeziň transferi üçin “Bornmuta” 47 million ýewro tölär.

Ýurdunyň “Dýor” klubunda futbola başlan Kerkez “Milanyň” düzümine goşulsa-da bu klubda 1 oýun hem geçirmedi. “Ýong AZ”, AZ, toparlarynda oýnan Kerkez “Bornmutda” 2 möwsümde 74 oýunda 2 gezek tapawutlandy.

Ol Wengriýanyň milli ýygyndysynda 23 duşuşyk geçirdi.