Islendik harydyň göze gelüwli bolmagy üçin onuň logosynyň özüne çekiji bolmagy zerurdyr. Bu ýagdaý awtoulaglara hem degişlidir. Awtoulagyň logolary öň we yz tarapynda goýulýar. Ulag kompaniýalarynyň köpüsi häzire çenli ilkibaşda döredilendäki nyşanyny saklaýan bolsa, käbirleri döredileni bäri birnäçe gezek logosyny üýtgetdi. Logolar köplenç, döwre ýa-da tehnologiýa laýyklykda üýtgedilýär.
Italýanlaryň meşhur awtoulag kompaniýasy bolan «Alfa Romeo» 2015-nji ýylda 114 ýyldan bäri üýtgewsiz gelýän logosyny täzeledi. Täze logoda gyzyl haç bilen ýaşyl ýylan ýumşak kümüşsöw halkalaryň içinde arasy bölünmedik görnüşde ýerleşdirilipdir. Ozalkydan tapawutlylykda «Alfa Romeo» ýazgysy sary däl-de, ak harplar bilen ýazylypdyr.
Kiçijik awtoulaglary bilen dünýä meşhur bolan «Mini» hem 2015-nji ýylda logosyna üýtgeşmeler girizdi. Iňlis kompaniýasy logosyndaky kümüşsöw ganaty gara çyzyklar bilen şekillendirip, merkezindäki halkanyň gara düşegini aýrypdyr.
Dünýäde iň köp ulag öndürýän «Toyota» kompaniýasy hem 2020-nji ýylda logosyna biraz üýtgeşme girizdi. Ýapon brendi öňki gabaraly, ýagny 3 ölçegli kümüşsöw logosyny ýönekeýje 2 ölçege, düz hala geçirip, logosyny gara reňk bilen şekillendirdi.
BMW-niň nyşany 1917-nji ýyldan 1997-nji ýyla çenli känbir üýtgemedi. 2021-nji ýylda halkanyň gara düşegi ak reňke geçirilip, BMW-niň ýönekeýden göze gelüwli täze logosy işlenip düzüldi.
Fransuz awtoulag kompaniýasy «Peugeot» 2021-nji ýylda logosyndaky dik duran ýolbarsyň şekilini, arlap duran ýolbarsyň kellesi bilen çalyşdy. Täze logonyň ýerliginde «Lamborghini»-niň nyşanyna meňzeş gara galkan bar.
Logosyny üýtgedenleriň arasynda KIA hem bar. Häzirki wagtda «Hyundai» kompaniýasyna degişli bolan brend 2021-nji ýylda 6-njy gezek logosyny çalyşdy. Täze logoda süýri halka aýrylyp, «I» bilen «A» harplaryň arasy birleşdirilip ýazylypdyr. Köpler täze logony «KN» diýip okaýar.
Ýapon brendi «Nissan» 1990-njy ýyllardan bäri halkanyň merkezinde keseligine ýerleşdirilen «Nissan» diýip ýazylan ýalpyldawuk kümüşsöw logony ulanýardy. 2021-nji ýylda bu kompaniýanyň logosy üýtgedilip, öwrümi bolan iki sany ýarym tegelegiň merkezinde düz şekilli «Nissan» diýen ýazgy ýerleşdirildi.
Fransuz awtomobil korporasiýasy «Renault» hem 2021-nji ýylda öňki kümüşsöw logosyndan düýpgöter tapawutlanýan iki sany burçly çyzykdan emele gelen täze logosyny döretdi.
«Aston Martin» kompaniýasy 2022-nji ýylda ganatyndaky ýarym tegelek halkany aýryp, ýazgyny ýaşyl düşekde ýerleşdirip, logosyna az-owlak üýtgeşme girizdi. Kaşaň ulaglary öndürýän iňlis brendi 1930-njy ýylda hem nyşanyny üýtgedipdi.
Meşhur nemes brendi «Audi» öňküsinden känbir üýtgemedik täze logosyny ulaglaryna ornaşdyrdy. Bu kompaniýa 1969-njy ýylda tassyklanan logosyny 2005-nji ýylda kümüşden ýasalan 3 ölçegli halkalar bilen çalyşdy. 2022-nji ýylda bolsa, logosyny has-da ýönekeýleşdirip, 2 ölçege geçirdi.
Dünýäniň iň kaşaň awtoulaglarynyň biri bolan «Bugatti» 2022-nji ýylda logosyndaky «gyzyl ýumurtgany» aýryp, gara harplar bilen ýönekeýje «Bugatti» diýip goýdy.
«Ýyldyrym» nyşany bilen tanalýan «Opel» hem geçen ýyl täze elektroulaglaryny täze logo bilen müşderilere ýetirdi. 2023-nji ýylda öňki logosyna düzedişler girizen nemes brendiniň täze nyşanynda ýiti uçly ýyldyrymyň iki şahasynyň arasy ak kölege bilen bölünýär.
Agzalan awtoulag kompaniýalaryndan başga-da, «Citroen» (2016), «Lotus» (2019), «Volkswagen» (2019), «Rolls-Royce» (2020), «Maserati» (2020), «Fiat» (2020), «Volvo» (2021), «Cadillac» (2021), «Jaguar» (2021), «Dacia» (2021), «General Motors» (2021), «Buick» (2022), «Genesis» (2023), «Infiniti» (2023), «Porsche» (2023), «Honda» (2024), «Lamborghini» (2024) ýaly brendler hem logolaryna käbir üýtgeşmeler girizdiler.