Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Kir Starmer, iki ýurduň gatnaşyklary gowulandyrmak ugrundaky tagallalarynyň çäginde, Pekinde HHR-niň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy. Bu britan lideriniň soňky 8 ýylda Hytaýa amala aşyran ilkinji saparydyr. Starmer öz wekilleriniň Uly halk maslahatlar zalynda kabul edilendigi üçin Si Szinpine minnetdarlyk bildirdi. Bu ýerde iki ýurduň arasynda birnäçe ylalaşyga gol çekildi.

Duşuşygyň başynda Starmer:  – Men şu gün bu ýere hut britan halky üçin geldim. Men 18 aý ozal, hökümete saýlanan wagtym, Britaniýanyň dünýä üçin täzeden açylmagyny üpjün etjekdigime söz beripdim. Sebäbi hemmämize mälim bolşy ýaly, dünýädäki wakalar biziň öz ýurdumyzda bolup geçýän ähli zatlara – supermarketiň tekjelerindäki nyrhlardan başlap, özümizi nähili derejede ygtybarly duýýandygymyza çenli täsir edýär – diýip belledi.

2024-nji ýylyň iýulynda wezipesine girişen Starmer, Britaniýa we Hytaýa “uzak möhletleýin, yzygiderli we hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň zerurdygyny” aýtdy.

Britan premýeri ýurtdaky haýal ykdysady ösüşiň fonunda Korollygyň öz ýurdunyň kompaniýalary üçin mümkinçilikleri giňeltmäge çalyşýar. Saparyň dowamynda Starmeriň ýanynda 50-den gowrak ýokary derejeli dolandyryjy top-menejerler, şeýle-de birnäçe medeni guramalaryň ýolbaşçylary bar.

-Men Beýik Britaniýanyň ösüşini we howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de ösmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Dünýä üçin çylşyrymly döwürlerde howanyň üýtgemegi we global durnuklylyk ýaly meseleler boýunça bilelikde işlemek biziň hut berjaý etmeli işlerimizdir – diýip, Starmer aýtdy.

Mundan öň ol Ählihytaý halk wekilleriniň ýygnagynyň hemişelik komitetiniň başlygy Çžao Leszi bilen duşuşdy.

Koreýa Respublikasy, Kanada we Finlýandiýadan soň, Starmer şu aýda Hytaýa sapar bilen baran ABŞ-nyň dördünji soýuzdaş lideri boldy. Indiki aýda bolsa Germaniýanyň Kansleriniň saparyna garaşylýar. Hytaýa sapar bilen baran iň soňky Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri 2018-nji ýylda Tereza Meý bolupdy.