Angliýanyň çempionaty “Premier Ligada” 5-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Tapgyryň merkezi oýnunda “Mançester Siti” bilen “Arsenal” duşuşyp, oýunda ýeňiş gazanan bolmady. Holannyň 9-njy minutdaky goluna londonlylar 90+3-nji minutda Martinelliniň owadan goly bilen jogap berdi. Mançester şäheri bilen Londonyň beýleki 2 güýçli toparlarynyň arasyndaky oýunda “Mançester Ýunaýted” öz meýdançasynda “Çelsini” 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bruno Fernandeş (14) bilen Kazemironyň (37) gollary esasynda ýeňiş gazanan “Ýunaýted” möwsümdäki 2-nji ýeňşini gazandy. “Çelsiniň” ýeke-täk goluny 80-nji minutda Çaloba öz adyna ýazdyrdy. Duşuşygyň 5-nji minutynda “Çelsiniň” derwezeçisi Robert Sançes, şol sanda 45+5-nji minutda “Ýunaýtedden” Kazemiro 2-nji sary kartdan soň gyzyl kart aldy.
Sanawyň ýeňlişsiz lideri “Liwerpul” öz meýdançasynda Mersisaýd derbisinde “Ewertony” Grawenberh hem-de Ekitikeniň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňdi. “Tottenham” myhmançylykda “Braýtonda” 2-2 hasabynda deňme-deň oýnady.
Çempionatda “Liwerpul” bilen “Kristal Palasyň” ýeňlişsiz ýörişi dowam edýär.
5-nji tapgyryň netijeleri:
Liwerpul – Ewerton: 2-1
Börnli – Nottingam Forest: 1-1
Braýton – Tottenham: 2-2
West Ham – Kristal Palas: 1-2
Wulwerhempton – Lids: 1-3
Mançester Ýunaýted – Çelsi: 2-1
Fulham – Brentford: 3-1
Bornmut – Nýukasl: 0-0
Sanderland – Aston Willa: 1-1
Arsenal – Mançester Siti: 1-1