26-njy ýanwarda Belarusda geçirilen Prezident saýlawlarynda ýurduň häzirki Prezident Aleksandr Lukaşenko sesleriň 86,82 göterimini gazanyp, ýeňiş gazandy. Bu barada Respublikanyň Merkezi saýlaw topary habar berdi.
“Belarus Respublikasynyň prezidentligine dalaşgärlere berlen sesleriň sany barada maglumat: Gaýdukewiç Oleg Sergeýewiç – 2,02%, Kanopaskaýa Anna Anatolýewna – 1,86%, Lukaşenko Aleksandr Grigoriýewiç – 86,82%, Syrankow Sergeý Aleksandrowiç – 3, 21%, Hižnyak Aleksandr Nikolaýewiç – 1,74%, hemmesine garşy – 3,60%” – diýip, Merkezi saýlaw topary habar berdi.
Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, saýlawlara gatnaşyk 85,7% boldy. Bellige alnan saýlawçylaryň ýarysyndan köpüsi syýasy çärä gatnaşsa, saýlawlar geçirildi hasaplanýar. Şeýle-de ses berişlige gatnaşanlaryň ýarysyndan köpüsi belli bir dalaşgäre ses beren bolsa, Prezident saýlanan hasaplanýar.
Prezident wezipesi üçin bäş adam bäsleşdi. 1994-nji ýyldan bäri iň ýokary döwlet wezipesini eýeläp gelýän Lukaşenkodan başga-da Oleg Gaýdukewiç (parlamentiň agzasy, Liberal-demokratik partiýanyň başlygy), Aleksandr Hižnyýak (Zähmet we adalat Respublikan partiýasynyň başlygy) Anna Kanopaskaýa (parlamentiň öňki agzasy, 2020-nji ýyldaky saýlawlarda Prezidentlige dalaşgär) Sergeý Syrankow (Belarus Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň birinji sekretary) bar.
Saýlawlaryň jemleýji netijeleri Merkezi saýlaw topary tarapyndan 10 günüň içinde – 5-nji fewraldan gijä galman jemlener.