Ispaniýanyň “Atletiko Madrid” topary “Serie A”-nyň wekili “Atalantanyň” nigeriýaly ýarymgoragçysy Ademola Lukmany 35+5 million ýewro transfer etdi. Madridliler 28 ýaşyndaky oýunçy bilen 4,5 ýyllyk şertnama baglaşdylar. Ýewropanyň öňdebaryjy 5 çempionatynyň 3-sinde oýnan Lukman karýerasyna “Çarlton Atletikde” başlap, “Premier Ligada” “Ewerton”, “Fulham”, “Lester Siti”, “Bundesligada” “Leipsig”, “Serie A”-da “Atalanta” toparlarynyň köýnekçelerini geýdi. “La Liga” onuň 4-nji duralgasy bolup, ol 21-nji belgide çykyş eder. Lukman şu wagta çenli 334 oýunda 88 gezek tapawutlandy.