Braziliýanyň öňki Prezidenti (2003-2011) Luis Inasiu Lula da Silwa 2023-2027-nji ýyllar aralygynda üçünji gezek Günorta Amerika Respublikasyna ýolbaşçylyk eder. Ol 30-njy oktýabrda geçirilen saýlawlaryň ikinji tapgyrynda sesleriň 50,9%-ine eýe boldy. Bu barada ýurduň Ýokary saýlaw kazyýeti habar berdi.
Sesleriň 100%-i sanalandan soňra, Lula da Silwanyň 50,9% gazanandygy belli boldy. Onuň bäsdeşi, häzirki Prezident Žair Bolsonaro saýlawçylaryň 49,1%-ine eýe boldy.
Saýlawlara ýurduň ses bermäge hukugy bolan 156,4 million raýatyndan 118,55 million saýlawçy gatnaşdy.