9-12-nji martda Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Şensi prowinsiýa komitetiniň sekretarynyň orunbasary hanym Sin Şanpiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana iş saparynda boldy.
Bu iş saparynyň çäklerinde wekiliýetiň düzüminde bolan Hytaý Halk Respublikasynyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň rektory Sun Sinweý bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedow we Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň rektory Sun Sinweý wekilçilik edýän ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
***
12-nji martda “Ýewraziýa we Afrika halklarynyň assambleýasy” hökümete degişli däl halkara bileleşiginiň wekiliýetiniň ýurdumyza saparynyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bu halkara bileleşigiň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda “Ýewraziýa we Afrika halklarynyň assambleýasynyň günleri” çäresini geçirmek bilen bagly mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çeşme: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti