Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy – dün­ýä­niň akyl­da­ry, umu­ma­dam­zat şa­hy­ry. Akyl­dar şa­hy­ryň be­lent joş­gu­na, çuň yl­ha­ma ýug­ru­lan şy­gyr­la­ry bi­len di­ňe bir türk­men alym­la­ry däl, eý­sem, da­şa­ry ýurt­ly alym­lar hem köp­den bä­ri gy­zyk­la­nyp gel­ýär­ler. 9-njy few­ral­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de hormatly Prezidentimiz hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da we onuň çäk­le­rin­den da­şar­da şa­hy­ryň gym­mat­ly ede­bi mi­ra­sy­ny öw­ren­mek hem-de dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len top­lum­la­ýyn iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny bel­läp geç­di we «Pä­him-paýhas um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da bu iş­le­ri my­na­syp do­wam et­dir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­na» at­ly ýu­bi­leý me­da­ly­ny dö­ret­mek ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na gol çek­di. Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň baý we gym­mat­ly ede­bi mi­ra­sy­ny öw­ren­mek­de, aýaw­ly sak­la­mak­da hem-de wa­gyz et­mek­de uly hyz­mat­la­ry bi­ti­ren ra­ýat­lar bu me­dal bi­len sy­lag­la­nar. Şeý­le hem ozal bil­şi­miz ýa­ly şu ýyl Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my­nyň we be­ýik türk­men şa­hy­ry­nyň ýa­dy­gär­li­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Bu top­lu­myň çä­gin­de da­şa­ry ýurt­la­ryň meş­hur şah­sy­ýet­le­ri­niň, gör­nük­li ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ry­nyň we söz us­sat­la­ry­nyň heý­kel­le­ri­ni oturt­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bel­läp geç­sek, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my­ny gur­mak üçin 41 gek­tar ýer bö­lü­nip be­ril­di. Nus­ga­wy şa­hy­ryň te­bi­gy be­lent­lik­de di­ki­len bü­rünç heý­ke­li­niň be­ýik­li­gi 60 met­re, bin­ýa­dy­nyň be­ýik­li­gi bol­sa 25 met­re deň­dir.
Bu şan­ly ýyl hal­ka­ra gu­ra­ma­lar ta­ra­pyn­dan hem uly gol­da­wa eýe bol­ýar. Ge­çen ýy­lyň 21-nji no­ýab­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň Baş kon­fe­ren­si­ýa­sy­nyň 42-nji mej­li­si­niň çäk­le­rin­de ka­bul edi­len ka­rar­na­ma la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan tek­lip edi­len Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­nyň 2024-2025-nji ýyl­lar­da ÝU­NES­KO bi­len bi­le­lik­de bel­le­ni­lip ge­çi­ril­jek şan­ly se­ne­le­riň sa­na­wy­na go­şul­dy. Şeý­le hem 2024-nji ýyl Tür­ki döw­let­le­riň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy (TÜRK­SOÝ) ta­ra­pyn­dan «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­di. Bu ba­ra­da­ky de­giş­li çöz­güt Tür­ki­ýä­niň Bur­sa şä­he­rin­de ge­çi­ri­len TÜRK­SOÝ-yň me­de­ni­ýet mi­nistr­le­ri­niň he­mi­şe­lik ge­ňe­şi­niň 39-njy mej­li­sin­de ka­bul edil­di.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň baý ede­bi mi­ra­sy­ny san­ly ul­gam ar­ka­ly dün­ýä ýaý­mak mak­sa­dy bi­len, akyl­dar şa­hy­ryň öm­rü­ne we dö­re­di­ji­li­ge ba­gyş­la­nan «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy por­ta­ly» dö­re­dil­di. Şa­hy­ra de­giş­li äh­li mag­lu­mat­la­ry özün­de jem­le­ýän san­ly gör­nüş­dä­ki «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy en­sik­lo­pe­di­ýa­sy­ny», akyl­dar şa­hy­ryň has do­ly we kä­mil gör­nüş­dä­ki «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy di­wa­ny­ny» taý­ýar­la­mak, onuň dö­re­di­ji­li­gi­ne de­giş­li yl­my iş­ler­dir do­ku­men­tal film­le­ri, te­le­gep­le­şik­le­ri yzy­gi­der­li geçirmek we baş­ga-da en­çe­me çä­re­le­ri ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Umu­man, bu ýyl Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni bir­nä­çe çä­re­le­re bes­le­nip uly da­ba­ra bi­len bel­le­nip ge­çi­ler. Bu ýat­dan çyk­ma­jak da­ba­ra­lar ta­ry­hy­my­za al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lar di­ýip ynam bi­len aý­dyp bo­lar.

Kerimberdi ÇARYMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň Daşoguz awtoýol gözegçilik-geçiriş ýeriniň migrasiýa nokadynyň müdiri.