Şy­gyr oka­ma­gy go­wy gör­sem-de, Py­ra­gy­nyň şy­gry­ýe­ti ýö­ne okap ge­çi­läý­me­li däl­di­gi üçin, di­ňe bir ada­myň yk­ba­ly däl, di­ňe bir mil­le­tiň yk­ba­ly däl, bü­tin adam­za­dyň yk­ba­ly çöz­le­nil­ýän­di­gi üçin her ki­mi go­la­ýyn­dan elt­me­ýän bol­ma­ly.
As­lyn­da, ze­nan bo­lup ol goş­gu­la­ry ses­li oka­ma­ga bog­ny ysan ta­pyl­dy­my­ka?! Göw­nü­me bol­ma­sa, Py­ra­gy­nyň şy­gyr­la­ry­ny ses­li oka­mak üçin atyň kel­le­si ýa­ly ýü­re­giň bol­ma­ly. Bol­ma­sa, Mag­tym­gu­ly­nyň ki­ta­by her türk­me­niň öýün­de bar ahy­ry. Onuň aý­dy­ma öw­rü­len goş­gu­la­ry­ny us­sat bag­şy­lar toý­lar­da, da­ba­ra­lar­da aýd­ýar­lar di­ýäý­me­seň, ol şy­gyr­la­ry ga­ty se­si bi­len, bog­ny ysyp, oka­ýan az-az. Mu­nuň se­bä­bi nä­me­den­kä?!
Türk­men teatr sun­ga­ty­nyň ägirt­le­ri Aman Gul­mäm­me­dow, Ha­jy An­na­mäm­me­dow, Mä­lik­gu­ly Kep­ba­now, Hom­mat Mül­li­kow, Aman Baý­ram­ber­di­ýew, Ata Alo­wow, türk­men ra­dio­sy­nyň us­sa­dy Ju­ma Ýaz­my­ra­dow da­gy­nyň okan, türk­men ra­dio­sy­nyň al­tyn ha­zy­na­syn­da sak­la­nyl­ýan goş­gu­la­ry diň­läp, oýa bat­ýa­ryn: «Dür­li ses­de, dür­li kalp­lar­dan çy­kan owaz­lar­da oka­lan goş­gu­lar. Mag­tym­gu­ly­nyň goş­gu­la­ry­na ara­laş­ma­ga ýü­rek eden bu us­sat­la­ryň haý­sy bi­ri akyl­da­ra dü­şü­nip, onuň ru­hy dün­ýä­si­ni açyp bil­di­kä?!».
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň teatr sah­na­syn­da­ky keş­bi­ni jan­lan­dy­ran, şa­hy­ryň şy­gyr­la­ry­nyň oka­lyş aý­ra­tyn­ly­gy­ny in­çe­lik bi­len yzar­la­ýan Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my, Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Mu­ham­met­gu­ly Ka­sy­mow bi­len bu ba­ra­da pi­kir al­şa­ny­myz­da, onuň akyl­da­ryň şyg­ry­ýe­ti ba­ra­da­ky aý­dan­la­ry me­niň köp so­wal­la­ry­ma jo­gap bol­dy.
– Goş­gy oka­mak akt­ýo­ryň us­sat­ly­gy­nyň bir ug­ry bo­lup dur­ýar. Şyg­ra dü­şün­mek, goş­gy­ny la­byz­ly hem us­sat­lar­ça okap bil­mek ar­tist bo­la­sy gel­ýän ta­lyp­la­ra okuw­la­ry­nyň il­kin­ji ýyl­la­ryn­da öw­re­di­lip baş­lan­ýar. Şon­da-da Mag­tym­gu­ly­nyň şy­gyr­la­ry­ny köp­çü­lik­de oka­ma­ga her ar­tist ýa­py­şy­ber­me­ýär. Nä­me üçin­kä?!
– Te­bi­gat her ki­me bir­hi­li ses be­rip­dir. Mag­tym­gu­ly­ny oka­mak üçin, il­ki bi­len se­siň ga­bat gel­me­li. On­soň, şa­hy­ryň şy­gyr­la­ry­ny gaý­ta­lap-gaý­ta­lap oka­ma­ly. Ma­ny­sy­na dü­şün­jek bol­ma­ly. Şa­hy­ryň şy­gyr­la­ry gö­räý­mä­ge düş­nük­li ýa­ly, hal­kyň di­li­ne go­laý. Bir bel­le­me­li zat, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy özün­den öň­ki hem-de öz döw­rün­de ýa­şap ge­çen şa­hyr­la­ryň için­de hal­kyň di­li­ne has go­laý ýa­zan şa­hyr. On­dan öň­ki ede­bi­ýa­ta ýüz­len­seň, bi­ze has düş­nük­siz, alyn­ma söz­ler köp­dür. Olar Mag­tym­gu­ly­da-da az­da-kän­de bar, ýö­ne ma­ny­sy­na dü­şün­se bol­ýar.
Şu wag­ta çen­li Mag­tym­gu­ly­nyň şy­gyr­la­ry­ny okap, ýaz­gy­lar­da ses­le­ri ga­lan ha­ly­pa­la­ryň her­si şa­hy­ryň iç­ki dün­ýä­si­ni özü­çe göz­läp­dir. Her ha­ly­pa­nyň öz ýa­san Mag­tym­gu­lu­sy bar. Bel­ki, bu şeý­le-de bol­ma­ly­dyr. Ine, my­sal üçin, Ha­jy An­na­mäm­me­do­wy alyp gö­re­liň. Ha­jy aga­nyň özün­de-de, se­sin­de-de mä­hir köp bo­lan­soň, şol mä­hir onuň goş­gy okaý­şy­na hem ge­çip­dir. Ol şa­hy­ryň goş­gu­la­ry­ny ýö­ne­keý­rä­gem oka­ýar we­li, gel­şip dur. Çün­ki, mah­mal­dan ge­len mä­hir­li se­siň iç­ki güý­ji diň­leý­ji­ni ma­ýyl ed­ýär. Ata Alowow öz hä­si­ýe­ti bo­ýun­ça he­mi­şe hy­juw­ly adam bo­lan­soň, ol goş­gu­la­ry oka­nyn­da duý­gu­çyl Mag­tym­gu­lyň keş­bi ör-bo­ýu­na gal­ýar. Hom­mat Mül­lük okan­da, paý­has­ly Mag­tym­gu­ly göz öňü­ňe gel­ýär. Ol kalp­dan gaýd­ýan pes­saý se­si bi­len oka­ýar­dy. Ol şy­gyr okan­da duý­ga däl-de paý­ha­sa üns ber­ýär­di. Aman Baý­ram­ber­di­ýew goş­gy okan­da, li­ri­ki Mag­tym­gu­ly jan­la­nan ýa­ly bol­ýar­dy. Ga­ty bir be­lent ses hem däl we­lin, aşyk Mag­tym­gu­ly­nyň söý­gü­si diň­leý­jä ýet­ýär­di. Ana, şol ägirt­ler­den soň Py­ra­gy­nyň şy­gyr­la­ry­ny köp­çü­li­ge oka­mak ga­ty jo­gap­kär­çi­li­gi, yh­la­sy ta­lap ed­ýär.
– Bir ge­zek Ju­ma Ýaz­my­ra­dow şeý­le di­ýip­di: «Mag­tym­gu­ly­ny oka­mak her ke­se ba­şard­ýan zat däl. Me­niň özüm hem ra­dio­ýaý­lym­lar­da akyl­da­ryň şy­gyr­la­ry­ny ýüz­ler­çe ge­zek okan hem bol­sam, şol dö­wür­ler ol şy­gyr­la­ry oka­ma­ga ta­ýyn däl eke­nim. In­di, şa­hy­ryň kä­bir goş­gu­la­ry­ny oka­ma­gy ba­şar­ma­gym müm­kin…» Şol söz­le­ri aý­dan­da ha­ly­pa seg­sen ýa­şy te­ge­läp­di. Si­ziň pi­ki­ri­ňiz­çe, ha­ly­pa­la­ryň haý­sy bi­ri Mag­tym­gu­ly­nyň şy­gyr­la­ry­ny dog­ry oka­dy­ka?!
– Dog­ry oka­lan… Hem­me­si­ni diň­le­seň hem öz­bo­luş­ly ýa­kym­ly. Şol ha­ly­pa­la­ryň ses­le­rin­dä­ki şa­hy­ra­na la­byz­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň iç­ki dün­ýä­si öz­bo­luş­ly açyl­ýar. Şol ses­le­riň hem­me­si­niň aňyr­syn­da be­ýik şa­hy­ra hor­mat dur. Türk­me­niň akyl­da­ry­na sar­pa bar, buý­sanç bar. Ha­jy aga­nyň gü­lüp, bir wa­ka­ny gür­rüň ber­ýän­di­gi ýa­dym­da. Ha­ly­pa­lar Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şy­gyr­la­ry­ny dog­ry hem ma­ny­ly oka­mak­da öza­ra bäs­le­şer eken­ler. Bir gün Ha­jy An­na­mäm­me­dow Mä­lik­gu­ly Kep­ba­no­wa:
– Sen Mag­tym­gu­ly­ny oka­nyň­da, ma­ňa meň­ze­jek bol­ýar­syň, ma­ňa öý­kü­nip oka­ýar­syň – di­ýip­dir. De­giş­mä dü­şü­nen Mä­lik­gu­ly Kep­ba­now:
– Ha­wa, sa­ňa öý­kü­nip oka­ýa­ryn, üs­tü­ne öz ze­hi­ni­mi hem goş­ýa­ryn we­li, men sen­den has ýo­kar­da bol­ýan du­ru­ber­ýän – di­ýip, äw­mez­lik bi­len jo­gap be­rip­dir. «Baý, şon­da me­ni duz­lad-ow» di­ýip, Ha­jy aga soň-soň­lar hem ar­tist­le­riň üý­şen ýe­rin­de şol wa­ka­ny gy­zyk­dy­ryp aý­dyp ber­ýär­di.
– Umu­man, goş­gy oka­lan­da, nä­mä üns ber­me­li?
– Il­ki bi­len söz­le­riň ba­sy­my­ny dog­ry goý­ma­ly. Men sö­züň ba­sy­my­ny du­ta­ryň per­de­si­ne meň­zed­ýä­rin. Per­dä­ni dog­ry bas­ma­saň, baş­ga ses çyk­ýar. Söz­lem­dä­ki söz­le­riň hem ba­sy­my dog­ry ula­nyl­ma­sa ma­ny­sy üýt­ge­ýär. Goş­gy hem şeý­le. Söz­le­riň ba­sy­my­ny, aý­dy­lyş ähe­ňi­ni ýe­rin­de go­ýup aýt­saň, diň­läp otu­ran ada­myň maň­zy­na bat­ýar. Goş­gy­nyň için­dä­ki pi­kir diň­leý­jä ba­ryp ýet­ýär. Şa­hyr­la­ryň söz­le­ri, se­tir­le­ri nä­hi­li yh­las bi­len saý­la­ýan­dy­gy­ny Ke­rim Gur­ban­ne­pe­so­wyň «Ze­hi­niň höt­jet­li­gi» goş­gu­syn­da duý­mak bol­ýar. Şa­hyr ýe­ke se­tir üçin nä­çe azap çek­ýär. Ana, şo­ňa dü­şün­me­li. Goş­gy­nyň öňün­dä­ki jo­gap­kär­çi­li­gi duý­ma­ly.
– Siz Mag­tym­gu­ly­nyň keş­bin­de şa­hy­ryň goş­gu­la­ry­ny oka­ýar­sy­ňyz. Akt­ýor oka­sa şa­hy­ryň goş­gu­la­ry has düş­nük­li eşi­dil­ýän ýa­ly…
– El­bet­de, akt­ýor oka­sa, goş­gy diň­leý­ji üçin has düş­nük­li, tä­sir­li bol­ýar. Dur­muş­da, toý­lar­da, üýş­me­leň­ler­de kä­bir adam­la­ra ga­bat gel­ýär­siň. Tü­we­le­me, Mag­tym­gu­ly­nyň ga­ty köp goş­gu­sy­ny ýat­dan bil­ýär­ler. Ýö­ne ola­ryň okaý­şy sen­de az tä­sir gal­dyr­ýar. «Şu se­tir­le­ri Ha­jy An­na­mäm­met, Hom­mat Mül­lük, Ata Alow okan bol­sa, şu wagt nä­hi­li tä­sir­li bo­lar­dy» di­ýip içiň­den pi­kir ede­ni­ňi duý­man gal­ýar­syň. Akt­ýo­ryň goş­gy­ny beý­le­ki adam­lar­dan tä­sir­li oka­ma­gy­nyň se­bä­bi bar. Il­ki bi­len söz­le­riň aý­dy­lyş usul­la­ry­ny öw­ren­mek, söz­le­ri tä­sir­li aýt­mak ola­ryň kesp-kä­ri. Olar bü­tin öm­rü­ne söz­le­riň ma­ny­sy­ny beý­ni­si bi­len öw­ren­ýär, on­soň ony ýü­re­gin­den ge­çir­ýär. Ýü­rek­de eý­le­nen söz­le­ri bol­sa zy­ba­na-di­le ge­tir­ýär. Mag­tym­gu­ly­nyň goş­gu­la­ry­na ge­zek ge­len­de olar has hem oý­la­ny­şyk­ly çe­me­leş­ýär­ler. Şa­hy­ryň goş­gu­la­ry­ny oka­mak üçin akt­ýo­ryň bi­lim de­re­je­si ýe­tik bol­ma­ly. Ha­ly­pa­la­ry­myň öw­re­di­şi ýa­ly, ol goş­gu­la­ry ýü­re­gim­den ge­çi­rip oka­ma­ga ça­lyş­ýa­ryn.
Mag­tym­gu­ly, söz bin­ýa­dyň,
Di­lin­de ýa­ky­nyň-ýa­dyň.
Hü­när ýok, söz bi­len adyň,
Halk için­de bel­li gör­ner.
Söz bi­len bin­ýat gu­ran us­sa­dyň söz­le­ri­ni dog­ry hem ýü­rek­den oka­ma­ly. In­di özüm bir­nä­çe ýyl bä­ri teatr sun­ga­ty­na yk­bal­la­ry­ny bag­la­sy gel­ýän ýaş ta­lyp­la­ra şu ugur­dan sa­pak ber­ýä­rin. Ha­ly­pa­la­ry­myň ma­ňa öw­re­di­şi ýa­ly, men hem öz şä­girt­le­ri­me Mag­tym­gu­ly­nyň şy­gyr­la­ry­ny dog­ry oka­ma­gy öw­red­ýä­rin. Ar­tist üçin goş­gy okap bil­mek, goş­gy­nyň iç­ki owa­zy­ny göz­läp, ta­pyp bil­mek wa­jyp. Diý­mek, türk­men ýaş­la­ry­na, türk­men ar­tis­ti­ne Mag­tym­gu­ly­nyň goş­gu­la­ry­ny okap bil­mek, on­da-da, dog­ry okap bil­mek ze­rur di­ýip dü­şün­ýä­rin. Şa­hy­ryň yş­ky-li­ri­ki goş­gu­la­ry tüýs ýaş­lar üçin. On­soň ýu­waş-ýu­waş pel­se­pe­wi goş­gu­la­ra ge­çi­ber­me­li. Mag­tym­gu­ly­nyň şy­gyr­la­ry­nyň te­ma­sy dür­li-dür­li. Söý­gi, wa­tan­çy­lyk, ah­lak, di­ni, dün­ýe­wi… goş­gu­lar. Akyl­dar şa­hyr jem­gy­ýet­dä­ki äh­li zat­lar ha­kyn­da pi­kir ýö­re­dip­dir. Şu zat­la­ra, şu şy­gyr­la­ra dü­şün­jek bol­mak, şo­ňa ym­tyl­mak kal­by­ňy aras­sa­la­ýar, iç­ki dün­ýä­ňi baý­laş­dyr­ýar.
Ýö­ne kä­te ýaş­la­ryň ara­syn­da şa­hy­ryň se­tir­le­ri­ni gö­dek­lik bi­len bo­zup oka­ýan­la­ry­ny eşi­de­niň­de neb­siň-ja­nyň agyr­ýar. «Türk­me­niň» goş­gu­syn­dan bir ben­di my­sal ala­lyň:
Ol mer­diň og­lu­dyr, mert­dir pe­de­ri,
Gö­rog­ly – gar­da­şy, ser­hoş­dyr se­ri,
Dag­da-düz­de kow­sa saý­ýat­lar, di­ri
Ala­bil­mez, ýol­bars og­ly türk­me­niň.
Şu se­tir­ler dog­ry okal­ma­sa, ma­ny­sy üýt­ge­ýär. Bi­rin­ji hem ikin­ji se­ti­riň so­ňun­da be­ril­ýän dyn­gy­ny üçün­ji se­ti­riň ahy­ryn­da-da ber­seň, goş­gy ýo­ýul­ýar. Nä­me et­me­li? Soň­ky iki se­ti­riň ara­sy­ny böl­män oka­ma­ly. Rit­miň, owa­zyň bö­lün­mez­li­gi üçin, «di­ri» sö­zün­den soň, ça­la sä­gi­nip, der­rew dör­dün­ji se­ti­re geç­me­li. Eger şeý­le edil­me­se, on­da «dag­da-düz­de di­ri saý­ýat­lar (aw­çy­lar) ýol­bars og­ly türk­me­ni ala­bil­mez» ma­ny­ny ber­ýär. Em­ma Py­ra­gy «dag­da-düz­de kow­sa saý­ýat­lar, ýol­bars og­lu­ny di­ri ala­bil­mez» ma­ny­syn­da ýa­zan bol­ma­ly. Çün­ki, bu ýer­de mert ýi­gi­diň öz gar­şy­da­şy­nyň eli­ne di­ri düş­me­jek­di­gi ha­kyn­da aý­dyl­ýar. Di­ri aw­çy ha­kyn­da däl. Ko­wa­la­ýan saý­ýa­dyň di­ri bol­jakdy­gy hem­mä mä­lim ahy­ry. Ýö­ne şy­gyr­da­ky ba­sym­lar, dyn­gy bel­gi­ler ters aý­dy­lan­da, di­ýil­jek bo­lun­ýan pi­kir­den düýp­gö­ter daş­laş­dyr­ýar. Şo­nuň üçin hem akyl­dar şa­hy­ryň şy­gyr­la­ry­nyň dog­ry okal­ma­gy­ny ga­zan­ma­ly. Ýaş­la­ra dü­şün­dir­me­li. Ola­ra şu ugur­dan kö­mek ber­seň, soň olar Mag­tym­gu­ly­nyň şy­gry­ýet dün­ýä­sin­de ýol­la­ry­ny do­wam eder­ler. Olar hem öz ge­ze­gin­de öz şä­girt­le­ri­ne şu mek­de­bi ge­çi­rer­ler.
Mu­hammet­gu­ly Ka­sy­mow bi­len söh­bet­deş­lik­den soň, çuň­ňur oýa bat­dym: «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şy­gyr­la­ry­ny oka­mak gi­den bir sun­gat oguş­ýa…».
Mag­tym­gu­ly­nyň dün­ýä­si her us­sa­da özü­çe tä­sir­len­me ber­ýän bol­ma­ly. Ýe­ne bir wa­ka ýa­dy­ma düş­ýär. Türk­me­niň söý­gü­li şa­hy­ry Gur­ban­na­zar Ezi­zo­wyň eje­si Gül­na­bat daý­za og­ly ha­kyn­da şeý­le gür­rüň be­rip­di: «Onuň ýe­ke özi ki­tap okap otu­ran­dyr, dür­li mil­let­le­riň ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ry­nyň ki­tap­la­ry tö­we­re­gin­de tom-tom du­ran­dyr. Ýa­ny­na bar­sam:
– Eje, gel, otu­ry­ber şu ýer­de – di­ýip, şo-ol okar otu­rar­dy. Için­den oka­ýar­dy. Mag­tym­gu­ly­nyň goş­gu­la­ry­ny bol­sa da­şyn­dan oka­ýar­dy.
– Og­lum, nä­me üçin hem­me ki­tap­la­ry içiň­den okap, Mag­tym­gu­ly­ny da­şyň­dan oka­ýar­syň? – diý­sem:
– Eje, Mag­tym­gu­ly­ny içiň­den oka­mak müm­kin däl. Ol me­niň içi­me sy­ga­nok – diý­ýär­di. Haý­ran ga­lar­dym».
Göz öňüm­den bir­to­par keşp­ler geç­ýär: Gur­ban­na­zar Ezi­zow: «Mag­tym­gu­ly me­niň içi­me sy­ga­nok…», Ju­ma Ýaz­my­ra­dow: «Mag­tym­gu­ly­ny oka­mak her ke­se ba­şard­ýan zat däl», Mu­ham­met­gu­ly Ka­sy­mow: «Bu goş­gu­la­ry oka­mak üçin bi­lim de­re­jäň ýe­tik bol­ma­ly».
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ga­lyň ki­ta­by­ny eli­me al­ýa­ryn. Şa­hy­ryň se­tir­le­ri­ni gö­züm bi­len yzar­lap ug­ra­ýa­ryn. Goş­gu­la­ry içim­den oka­ýa­ryn, da­şym­dan, ses­li oka­ma­ga çe­kin­ýä­rin… «Ma­ny­sy­na, çuň­lu­gy­na do­ly dü­şün­män, ol goş­gu­la­ry ses­li oka­ma­ga ha­kym be­ri bar­my­ka?!» di­ýip oý­lan­ýa­ryn…

Gü­lä­lek Ak­my­ra­do­wa,
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň režissýory, Türkmenistanyň halk artisti.