Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron 2024-nji ýylyň fransuzlaryň durmuşynda buýsanç we umyt ýyly boljakdygyny aýtdy. Bu ýyl Parižde Olimpiýa oýunlary geçiriler we Notr-Dam öz gapylaryny açar. Notr-Dam sobory 2024-nji ýylyň 8-nji dekabrynda hemmeler üçin açyk bolar. Hünärmenleriň meýilleşdirişi ýaly ony dikeltmek üçin bäş ýyl gerek boldy.
“Notr-Dame” XII asyrda gurlup başlandy we ony gurmak üçin 200 ýyla golaý wagt gerek boldy. Onuň meşhur şpilini XIX asyrda gurdular. 2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde ybadathanada ýangyn boldy. Ýangyny diňe 14 sagatdan soň söndürmek başartdy. Ýangyn soboryň agaç üçegini we gotika usulynda salnan şpiliniň üçden iki bölegini ýok etdi.