Şu gün Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Günorta-Gündogar Aziýa bir hepdelik saparyna Wýetnamdan başlady. 26-njy maýda Fransiýanyň we Wýetnamyň döwlet ýolbaşçylary ýadro energiýasy, demir ýollar, emeli hemralar we sanjymlar boýunça uly şertnamalara gol çekdi.
Saparyň ýene bir netijesi, “VietJet” awiakompaniýasynyň 20 sany “Airbus” uçaryny satyn almagydyr. Bu, geçen ýyl Ýewropanyň aerokosmos ägirdi bilen gol çekilen 20 sany “A330-900” uçaryny satyn almak baradaky şuňa meňzeş şertnamanyň üstüni ýetirer. Bu bolsa, Fransiýanyň Wýetnama ykdysady taýdan täsirini has-da güýçlendirýändigini görkezýär.
-Nirede bolsam hem ýönekeý bir zat aýdaryn: Fransiýa parahatçylygyň we deňagramlylygyň tarapdary bolup, gepleşiklere we hyzmatdaşlyga ynanýan ygtybarly hyzmatdaşdyr. Käbirleri uzaklaşmagy makul bilse, Fransiýa köpri gurmagy makul bilýär – diýip, Makron belledi.
Bu Fransiýanyň döwlet Baştutanynyň soňky 10 ýylda Wýetnama eden ilkinji resmi saparydyr. Makron žurnalistler bilen söhbetdeşlikde Wýetnam üçin möhüm mesele bolan gämi gatnawy erkinligini Fransiýanyň goldaýandygyny ýene bir gezek gaýtalady.
Fransiýanyň lideri, Wýetnam bilen hyzmatdaşlykda goranyş we kosmos pudaklarynda köp sanly taslamalara gol çekilendigini nazara alyp, «goranyş pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýandygyny» aýtdy. Iki lider hem maglumat paýlaşmak, kiberhowpsuzlyk we terrorçylyga garşy şertnamalary goşmak bilen goranyş boýunça özara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça meýilnamalaryny mälim etdiler.
Günorta-Gündogar Aziýa döwleti soňky onýyllyklarda Pariže has-da ýakynlaşdy. Geçen ýylyň oktýabr aýynda Wýetnam Fransiýa bilen hyzmatalygyny “strategik” derejä çykardy.