26-njy maýda Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň assosiasiýasynyň (ASEAN) 46-njy sammiti geçirildi. Gün tertibinde sebitara integrasiýany güýçlendirmek hem-de söwda we ykdysady çökgünlige garşy durmak ýaly meselelere garaldy.

Umumy mejlisiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibragim ASEAN-yň agzalaryny üýtgeýän global dünýä tertibinde ýüze çykýan kynçylyklary çözmek hem-de durnukly we adalatly ösüşden daşlaşmazlyk üçin tagallalary birikdirmäge çagyrdy.

-ASEAN-yň parahatçylygy, durnuklylygy we gülläp ösmegi köplenç söwdanyň, maýa goýumlarynyň we adamlaryň erkin hereketine daýanýan halkara düzgünlerine baglydyr – diýip, Anwar Ibragim belledi. Şeýle hem A. Ibragim, guramany sebitiň iň uly ykdysady hyzmatdaşy bolan Hytaý we Pars aýlagy döwletleriniň hyzmatdaşlygy geňeşi (PADHG) bilen ýakynlaşdyrýan ilkinji ASEAN-PADHG-Hytaý sammitiniň ähmiýetini belläp, dostlukly hyzmatdaşlar bilen özara aragatnaşyklary berkitmegiň möhümdigini aýtdy. Sammitiň dowamynda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşigine (ASEAN) agza ýurtlarynyň ýolbaşçylary “ASEAN 2045: umumy geljegimiz” atly Kuala-Lumpur jarnamasyna gol çekdiler. Bu birleşigiň geljek 20 ýyldaky ösüşini kesgitleýän esasy resminamadyr.

Malaýziýa 2025-nji ýylda ASEAN-nyň başlygy bolup, ASEAN sammitini we oňa degişli maslahatlary geçirýär. 1967-nji ýylda döredilen bu guramanyň düzümine Bruneý, Kamboja, Indoneziýa, Laos, Malaýziýa, Mýanma, Filippinler, Singapur, Taýland we Wýetnam ýaly ýurtlar girýär.