Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Pli­mut uni­wer­si­te­ti­niň «Field­work Ro­bo­tics» gol­çur kär­ha­na­sy ma­li­na ýyg­na­ýan il­kin­ji ro­bo­ty ýa­sa­dy. Bu ir-iý­mi­şi ýyg­mak aý­ra­tyn kyn ha­sap­lan­ýar, se­bä­bi beý­le­ki­ler­den has ýum­şak we dür­li be­lent­lik­dä­ki gy­rym­sy agaç­lar­da ös­ýär.
Iki sa­ny ro­bot Por­tu­ga­li­ýa­nyň gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­da­ky Ode­mi­ra se­bi­tin­de sy­nag­dan ge­çi­ril­ýär. Ro­bot­lar 1,8 metr be­lent­li­ge ýe­tip, 3D prin­ter bi­len çap edi­len 4 sa­ny plas­tik go­ly bi­len ma­li­na ýyg­na­ýar.
Be­ýik Bri­ta­ni­ýa 3 ýyl mun­dan ozal şu­ňa meň­zeş ro­bot­la­ryň bi­ri­ni sy­nag edip­di. Ýö­ne sy­na­gyň ne­ti­je­le­ri ka­na­gat­la­nar­ly bol­man­dy. Ro­bot bir eli bi­len bir sa­ny ma­li­na­ny ýyg­na­mak üçin 1 mi­nut sarp et­di. Soň­ky ro­bot­lar­da iş­läp dü­zü­ji­ler sen­sor teh­no­lo­gi­ýa­la­ry kä­mil­leş­di­rip, ro­bot­la­ryň has çalt iş­le­me­gi­ni ga­zan­dy­lar.
Tä­ze ro­bot­lar sa­gat­da 1 kilograma çen­li ha­syl ýyg­na­ýar­lar. Iş­läp dü­zü­ji­ler bu gör­ke­zi­ji­ni 4 kilograma ýe­tir­mek­çi. Gel­jek­de ro­bot­lar gün­de 25 müň ma­li­na ýyg­nar­lar. Bir adam ada­ty 8 sa­gat­lyk çal­şyk­da 15 müň ma­li­na ha­sy­ly­ny top­la­ma­gy ba­şar­ýar.

Gö­zel AŞY­RO­WA,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.