Ata-babalarymyz dowardarçylygy her paslyň özüne mahsus aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, her möwsümiň howa şertlerine görä alyp barmakda çopançylyk kärini sungat derejesine ýetiripdirler. Çünki çopanlar dowardarçylykda geçirilýän owlak-guzy almak möwsümi, ýaz ýüňüniň gyrkymy, guzulary enesinden aýyrmak, güýz ýüňüniň gyrkymy, höwür möwsümi, dok gyşlatmak babatynda birnäçe baý iş tejribesini toplapdyrlar.

Do­war­dar­çy­lyk pu­da­gy özü­niň göz­ba­şy­ny müň­ýyl­lyk­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan mil­li däp-des­sur­la­ra, aýt­gy­la­ra, na­kyl­la­ra, adal­ga­la­ra, ro­wa­ýat­la­ra örän baý­dyr. Hut şu nuk­daý­na­zar­dan, bu pu­dak bi­len bag­ly aý­dy­lan aýt­gy­lar hem öz äh­mi­ýe­ti­ni ýi­tir­män, hä­zir hem do­wam edip gel­ýär.
Go­ýun sü­rü­si­niň için­de ge­çi­le­riň bol­ma­gy do­war­dar­çy­lyk­da aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Çün­ki ge­çi­ler sü­ri­ni bak­mak­da we do­lan­dyr­mak­da ze­rur­dyr. Ge­çi­ler köp­lenç, sü­ri­niň öňün­de gez­ýär­ler. Sü­ri­niň için­däki iki ýaş­ly bi­çi­len te­kä jaň dakyl­ýar. Bu mala ser­ke di­ýil­ýär. Sü­ri­niň öňü­ni çek­ýän ser­ke öz eýe­si ço­pa­nyň se­si­ne, sy­ky­ly­gy­na, gy­kuw­la­ma­sy­na öw­re­niş­di­ril­ýär.
Ow­lak-gu­zy al­mak möw­sü­mi do­war­dar­çy­lyk­da iň jo­gap­kär­li möw­süm­le­riň bi­ri­dir. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, çar­wa now­ru­zy diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan ow­lak-gu­zy al­mak möw­sü­mi «Ma­lym – ha­lym» di­ýip iş­le­ýän ço­pan­la­ryň bü­tin ýyl­da çe­ken zäh­me­ti­niň reh­ne­di­ni gör­ýän döw­rü­dir. Ow­lak-gu­zy möw­sü­min­den öň bo­lan gu­za bar­ga, ene­si­niň köp em­mez­li­gi üçin gu­zy­nyň ag­zy­na da­ňy­lyp ber­ki­di­len çö­pe gä­mik di­ýilýär. Ýe­ke dog­lan gu­za ýal­ky, jü­büt dog­lan gu­zu­la­ra ekiz di­ýil­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len eýe­çi­li­gi­niň gör­nü­şi­ne ga­ra­maz­dan, mal­dar­la­ry­myz üçin bir­nä­çe ýe­ňil­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi, ýag­ny mal­dar­la­ryň dür­li sal­gyt­lar­dan bo­şa­dyl­ma­gy, ola­ra döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan ýe­ňil­lik­li karz­la­ryň be­ril­me­gi, de­giş­li ka­da-ka­nun­la­ra la­ýyk­lyk­da öri meý­dan­la­ry­ny, mal­lar üçin örü­dä­ki suw çeş­me­le­ri­ni bök­denç­siz ulan­ma­ga müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi hu­su­sy eýe­çi­lik­de hem mal­la­ryň baş sa­ny­nyň art­ma­gy­ny, ba­zar­la­ry­myz­da, söw­da mer­kez­le­ri­miz­de mal­dar­çy­lyk önüm­le­ri­niň dür­li gör­nüş­le­ri­niň bol­çu­ly­gy­ny üp­jün ed­ýär.
«We­te­ri­na­ri­ýa işi ha­kyn­da», «Mal­dar­çy­lyk­da to­hum­çy­lyk işi ha­kyn­da», «Öri meý­dan­la­ry ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry­nyň ka­bul edil­me­gi pu­da­gyň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek bi­len, ýur­du­myz­da mal­dar­çy­lyk pu­da­gy­nyň has-da yg­ty­bar­ly ös­me­gi­ne, bu ugur­da iş­le­riň ýo­ka­ry de­re­je­de we ta­la­ba­la­ýyk al­nyp ba­ryl­ma­gy­na uly iter­gi ber­ýär.
Ýur­du­my­zyň mal­dar­çy­lyk ho­ja­lyk­la­ryn­da her ýyl­da müň­ler­çe ton­na ýüň ön­dü­ri­lip, şo­nuň 95,5 gö­te­ri­mi go­ýun ýü­ňü­ne, ga­lan 4,5 gö­te­ri­mi bol­sa, ge­çi çöp­üri­ne we dü­ýe ýü­ňü­ne de­giş­li­dir.
Sa­ry­ja go­ýun­la­ryň ýa­rym irim­çik, ak ýü­ňi türk­men ha­ly­la­ry­ny do­ka­mak üçin, ga­ra­kö­li go­ýun­la­ryň irim­çik, dür­li reňk­li (ga­ra, çal, go­ňur we ş.m.) ýü­ňi bol­sa, ke­çe we ke­çe önüm­le­ri­ni taý­ýar­la­mak üçin gym­mat­ly çig mal hök­mün­de peý­da­la­nyl­ýar.
Ýü­ňüň ýo­ka­ry de­re­je­de bol­ma­gy köp­lenç, gyr­ky­myň wag­tyn­da ge­çi­ril­me­gi­ne bag­ly­dyr. Ýaş tok­lu­lar di­ňe güý­zü­ne gyr­kyl­ýar. Ýaz gyr­ky­my ap­rel aýy­nyň 20-sin­den maý aýy­nyň 15-i ara­ly­gyn­da, güýz gyr­ky­my bol­sa, aw­gust aýy­nyň 20-sin­den sent­ýabr aýy­nyň 15-i ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­ýär. Gyr­kym adat­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len gyr­kym jaý­la­ryn­da ge­çi­ril­ýär. Şo­nuň ýa­ly jaý­la­ry bol­ma­dyk ho­ja­lyk­lar­da gyr­kym ge­çir­mek üçin ýag­ty hem-de gu­ry ka­şar saý­la­nyp alyn­ýar we en­jam­laş­dy­ryl­ýar. Gyr­kym ja­ýy agaç ger­mew­ler bi­len bö­lü­nip, bi­ri­ne gyr­kyl­jak do­war­lar sa­lyn­ýar, ikin­ji­sin­de do­war­lar gyr­kyl­ýar, ýe­ne bi­rin­de bol­sa, gyr­ky­lyp al­nan ýüň­ler saý­la­nyl­ýar we gap­la­nyl­ýar.
Gyr­kym öňün­den dü­zü­len ter­tip esa­syn­da ge­çi­ril­ip, haý­sy sü­ri­niň gyr­ky­ma ha­çan gel­ýän­di­gi gör­ke­zi­lýär. Güýz gyr­ky­myn­da il­ki ene go­ýun­la­r, soň­ra goç­la­r, iň so­ňun­da ýaş mal­la­r we tok­lu­la­r gyr­kylýar. De­ri ke­sel­i (go­tur we ş.m.) bolan do­war­lar hem­me mal­lar­dan soň­ra gyrkyzlýar.
Gyr­kym do­war­lar aç gar­na ge­çi­ril­se, ola­ryň be­de­ni­ne ag­ram düş­me­ýär. Ýü­ňüň ýo­ka­ry hil­li we aras­sa bol­ma­gy üçin go­ýun­lar gyr­kyl­ma­zyn­dan öň ola­ry su­wa dü­şür­mek ge­rek. Go­ýun­la­ryň güýz gyr­ky­my­ny öz wag­tyn­da ge­çir­me­li. Se­bä­bi do­war­lar ir gyr­kyl­sa, tom­suň ýi­ti Gü­ne­şi­ne ola­ryň en­da­my­nyň ýan­ma­gy müm­kin, eger-de giç gyr­kyl­sa, gi­je­le­riň so­wa­ma­gy se­bäp­li mal­la­ryň so­wuk­la­ma­gy müm­kin. Aý­ra­tyn-da, ýaş tok­lu­lar ys­sa we so­wu­ga dö­züm­siz bol­ýar­lar. Do­war­la­ryň güýz ýü­ňü­niň wag­tyn­da gyr­ky­l­ma­gy ene go­ýun­la­ryň we iş­şek­le­riň hö­wür möw­sü­mi­ne çen­li tiz gu­rat­lan­ma­gy­na we sag­dyn ow­lak-gu­zu­la­ryň alyn­ma­gy­na tä­si­r ed­ýär.

Ta­gan­gel­di EN­NE­DOW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.